Hennessey iň güýçli benzinli giperkary hödürledi: 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär

  • 20.04.2025 14:07
  • 3.2k+

ABŞ-nyň Tehas ştatynda ýerleşýän Hennessey kompaniýasy köpçülikleýin ýollarda sürmek üçin niýetlenen dünýäniň iň güýçli benzinli awtoulagyny – «Venom F5 Evolution» modelini hödürledi.

Kämilleşdirilen «ýyrtyjy» 6,6 litrlik twin-turbo V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Ol 2031 at güýjüni öndürýär we 1960 Nm tork bilen üpjün edýär.

«Onuň hatda tektonik plitalary süýşürmäge ýeterlik derejede kuwwaty bar» — diýip, «TopGear» neşiri ýazýar.

Awtoulag sagatda 100 kilometr tizlige 2,5 sekuntdan hem az wagtda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa 500 km/sag.
Kompaniýa Evolution atly toplumyny ulagy täze satyn alýanlara, şeýle-de eýýäm satyn alanlara hem hödürleýär. Bu toplumyň bahasy ulagyň öz bahasyny hasaba almazdan 285 müň dollar. Toplumyň düzümine hereketlendirijiden başga-da Sport, Road, Race, Drag, Wet we F1 ýaly görnüşleri bolan uýgunlaşýan asma ulgamy hem-de IndyCar-yň hünärmenleri tarapyndan täzeden işlenip taýýarlanan aerodinamika ulgamy girýär.


düýn 14:34
2.2k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.6k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.1k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....