Land Rover ykjam Defender wnedorožnigini - Toyota Land Cruiser 250-niň bäsdeşini döredýär

  • 17.04.2025 13:50
  • 6.9k+

Land Rover kompaniýasy Defender Sport atly täze ykjam wnedorožnigiň üstünde işleýär. Bu model doly göwrümli Defender-e alternatiwa we elýeterli wnedorožniklere bolan islege jogap bolar. Prototip eýýäm synagdan geçirilýär we täze önüm baradaky maglumatlar JLR-iň web sahypalarynda çap edildi.

Defender Sport uly doganynyň häsiýetlerini saklar, ýöne biraz gysga, ýeňil we şäher rahatlygyna laýyklanar. Ol Discovery Sport-yň ornuny tutar we Ford Bronco Sport -yň analogy bolar.
Täze model täzelenen Evoque-nyň we Velar -yň hem esasyny düzjek 800 woltlyk EMA platformasynda gurlar. Önümçilik Beýik Britaniýada Heýlwuddaky zawodda guralar. Bu maksat bilen eýýäm elektrikleşdirmeklige 500 million dollar maýa goýuldy. Motorlary we batareýalary hindi Tata Group-y üpjün eder.
Defender Sport elektrikli ýa-da gibrid güýç gurluşly hödürlener.
Täze model Skoda Kodiaq, Toyota Land Cruiser 250, Dacia Bigster we geljekde Mercedes-iň ykjam G-Class-y bilen bäsleşer.
Modeliň ilkinji çykyşy 2026-njy ýylda meýilleşdirilýär. Defender Sport Land Rover -iň täze nesliniň iň meşhur modeli bolar diýlip garaşylýar.


21.06.2026 21:15
4.4k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....