«Arkadag» FK «Al-Arabini» jogap oýunda utup, AFK Çagyryş ligasynyň finalyna çykdy

  • 17.04.2025 00:42
  • 9.9k+

16-njy aprelde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ýarymfinalynyň jogap duşuşygynda “Arkadag” futbol kluby öz meýdanynda Kuweýtiň "Al-Arabi" klubuny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykmagy başardy. Birinji duşuşyk kuweýtli klubuň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanypdy.

Jogap oýunda “Arkadag” topary ilkinji minutlardan garşydaşyny aldym-berdime salan hüjümleri guramagy başardy. Geçirilýän yzygiderli hüjümleriň netijesinde 3:0 hasabynda üstün çykan “Arkadag” toparyna ýeňiş getiren gollary Şanazar Tirkişow (7-nji hem-de 90+3-nji minutlar) hem-de Altymyrat Annadurdyýew (58-nji minut) öz atlaryna ýazdyrdylar. 
“Arkadag” toparynyň finaldaky garşydaşy Kamboja Patyşalygynyň “Preah Khan Reaçh Svay Rieng” topary bilen Indoneziýanyň “Madura Ýunaýted” toparlarynyň arasyndaky ýarymfinal duşuşygynyň ýeňijisi bolar.
AFK-nyň Çagyryş ligasynyň final duşuşygynyň şu ýylyň 10-njy maýynda geçirilmegine garaşylýar.


düýn 15:52
5.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
4.6k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

04.06.2026 23:02
3.8k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

04.06.2026 00:17
9.4k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......