UFC 314: Wolkanowski guşagyny gaýdyp aldy, Pimblett Çendleri nokauta gidirdi

  • 14.04.2025 14:59
  • 10k+

Maýamide geçirilen UFC 314 ýaryşynyň esasy söweşinde Aleksandr Wolkanowski Diego Lopes bilen duşuşdy. Ýarym agyr agramda erkin titul üçin söweş bäş raund dowam edip, Wolkanowskiniň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Awstraliýaly ýene-de çempion boldy.

2024-nji ýylyň fewral aýynda Wolkanowski Iliýa Topuriýadan nokaut arkaly ýeňlip, guşagyny ýitiripdi. Ýöne şu ýylyň fewral aýynda Topuriýa ýeňil agrama geçmek isleýändigini mälim edip, tituly meýletin boşatdy.
Indi Wolkanowskiniň hasabynda 27 ýeňiş we dört ýeňliş bar. Lopes karýerasynda ýedi ýeňliş bilen 26 ýeňiş gazandy.
Agşamyň ýene bir esasy söweşinde Peddi Pimblett Maýkl Çendleri üçünji raundda nokauta düşürdi. Britaniýaly üçin bu 23-nji ýeňiş boldy. Şeýle-de, onuň hasabynda üç ýeňliş bar. Ol 2024-nji ýylyň iýul aýynda Bobbi Grinden sabmişn arkaly üstün çykdy. Hasabynda 23 ýeňiş we on ýeňliş bolan Çendler 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Çarlz Oliweýradan ýeňildi.
Ýene bir tutluşykda Ýair Rodriges üç raundlyk söweşde emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Patrisio Freýreden üstün çykdy. Rodrigesiň hasabynda 20 ýeňiş we bäş ýeňliş bar. Ol 2024-nji ýylyň fewral aýynda sabmişn arkaly Ortegadan ýeňildi. 36 ýeňiş we sekiz ýeňliş bilen Freýre 2024-nji ýylyň mart aýynda Jeremi Kennedini nokauta düşürdi.
Sporty Salaries-iň maglumatlaryna görä, Wolkanowski Maýamide 2,6 mln dollar, Lopes 1,5 mln dollar gazandy. Şeýle-de, olar agşamyň iň gowy söweşi üçin bonus aldy (50 müň dollar).
Pimblett 471 müň dollar, Çendler 521 müň dollar gazandy. 


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......