Microsoft-yň gözlegi: EA adamlaryň özbaşdaklygyna we pikirlenmesine zyýan ýetirýär

  • 12.04.2025 18:14
  • 2.1k+

Microsoft korporasiýasynyň we Karnegi-Mellon uniwersitetiniň amerikan alymlary emeli aňyň ulanylmagynyň tankydy pikirlenmek we meseleleri özbaşdak çözmek başarnyklaryny gowşadyp biljekdigini anyklady.

Hünärmenler gözlegiň netijeleri bilen Microsoft saýtynda paýlaşdy.  
Olar işewürlik, bilim we IT pudaklaryndan 319 işgär bilen pikir soraşma geçirdi. Netijeler 40% ýagdaýda adamlaryň neýroulgamlaryň netijelerine doly ynanyp, olary barlamaýandygyny görkezdi.
Bu, esasanam, adaty işleri ýerine ýetireniňde bolup geçýär. Ulanyjylar öz pikirlerine däl-de, EA-a daýanmagy makul bilýär.

“Awtomatizirlemegiň esasy geň tarapy, onuň bizi gündelik işlerden mahrum edip, hususy pikirlenmämizi türgenleşdirmek mümkinçiliginden aýyrmagydyr” – diýip, awtorlar belledi.

Alymlary, esasan, ýaşlar alada goýýar. Talyplar düzme ýazmak üçin EA ulanyp, özbaşdak işlemekden gaçýar. Olarda Google-da jogap gözlemek endigi ýaly neýroulgamlara bolan garaşlylyk ýüze çykýar.
Ylmy gözlegçiler EA-ny ulanmaga aňly-düşünjeli çemeleşmegi maslahat berýär. Olar awtomatizirleme bilen özbaşdaklygyň arasynda deňagramlylygy saklamaga, tankydy pikirlenmäni ösdürmäge we bilime üns bermäge çagyrýar.
Belläp geçsek, ýaňy-ýakyna çenli Microsoft iň meşhur we ösen EA modeli ChatGPT-ni işläp düzüji OpenAI startapynyň esasy hyzmatdaşydy. Ýöne 500 mlrd dollarlyk Stargate taslamasy işe girizilenden soň, ýakyn gatnaşyklar sowap başlady. Bu taslamanyň çäklerinde OpenAI-iň esasy hyzmatdaşy Oracle kompaniýasy boldy. Mundan başga-da, Microsoft startapyň iň uly maýadary adyny ýitirdi. OpenAI-iň soňky maliýeleşdirme tapgyry SoftBank-yň ýolbaşçylygynda geçirildi we onda 40 mlrd dollar maýa çekmek başartdy. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

19.05.2026 12:17
4k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......