Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

  • 09.04.2025 11:04
  • 6.1k+

1-8-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda woleýbol boýunça geçirilen ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi» woleýbol topary ýeňiji boldy. Ýaryşlar Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guraldy.

Final duşuşygynda «Nebitçi» topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Talyp sport» toparyndan 3-0 hasap bilen üstün çykdy we ýokary okuw mekdepleriň arasynda Çempion adyna mynasyp boldy.
Finala çenli geçen oýunlarda “Nebitçi” topary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň «Binagär» woleýbol toparyndan (3-0), çärýek finalda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» toparyndan (3-0), ýarym finalda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň «Ýüpek ýoly» toparyndan (3-0) hasap bilen üstün çykdy.


14.05.2026 15:38
2.1k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....