Haýwanat dünýäsinden täsinlik: galapagos pyşbagasy 97 ýaşynda ilkinji neslini dünýä inderdi

  • 09.04.2025 10:11
  • 6.7k+

Filadelfiýanyň haýwanat bagynda üýtgeşik waka bolup geçdi - 97 ýaşly Mommy (Ene jan) atly galapagos pyşbagasy ilkinji gezek ene bolup, dört çaga pyşbagany dünýä inderdi. Maşgalanyň atasy - 90 ýaşly Abrasso atly erkek pyşbaga diýip, ABC News habar berýär.  

Alymlar bu wakany ýitip barýan görnüşleri halas etmegiň umydy diýip atlandyrýarlar.
Garry pyşbaganyň adyny köpden bäri Mommy lakamy bilen tutýardylar, ýöne häzire çenli bu lakamyň ýaňsylaýjy häsiýeti bardy. Emma indi 2024-nji ýylyň noýabr aýynda basyrylan 16 ýumurtgadan pyşdyljyklar çykdy. Haýwanat bagynyň işgärleri inkubasiýa döwrüne üns bilen gözegçilik etdiler. Temperaturany erkek pyşdyljyklaram, urkaçy pyşdyljyklaram çykar ýaly sazladylar.

"Täze nesiller ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri goramak üçin diýseň möhümdir" - diýip, haýwanat bagynyň gerpetologiýa ugry boýunça müdiri Loren Awgustin nygtady.

Galapagos pyşbagalary hakyky ägirtlerdir. Abrassonyň agramy takmynan 225 kg, Mommynyňky bolsa 100 kg-dan gowrak. Bu haýwanlar 200 ýyla çenli ýaşap bilýärler.
Çaga pyşdyllar häzirki wagtda alymlaryň gözegçiligi astynda. Ýakynda wagtda olary köpçülige görkezerler. Geljekde çaga pyşbagalar nesli dikeltmek üçin beýleki haýwanat baglaryna ýa-da goraghanalara iberilip bilner.

09.06.2026 07:41
10k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

09.06.2026 07:40
7.7k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
9.2k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......