Toyota Şanhaýdaky awtosergide täze Century 2025 ulagyny görkezer

  • 08.04.2025 19:45
  • 9.6k+

Toyota 23-nji aprelde Şanhaýda (Hytaý) geçiriljek awtosergide ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Century 2025 awtoulagyny köpçülige hödürlär. Hytaýda bu model «Shiji» ady bilen meşhurdyr diýip, «ITHome» belleýär.

Lýuks synpa degişli model adaty gara reňkde we hrom elementler bilen bezelen görnüşde öndürilýär.
Bahasy häzirlikçe mälim edilmedi, ýöne öňki wersiýasynyň bahasy, takmynan, 270 müň dollar töweregi.
Ulagyň öň tarapy uly gözenek we LED faralar bilen enjamlaşdyrylan. Kuzowynda Century hataryna degişli modellere mahsus bolan «Phoenix» logotipi saklanypdyr.

Ulagyň ölçegleri – 5205 × 1990 × 1805 mm. Teker bazasy – 2950 mm.
Modeliň esasynda 3,5 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji bilen iki sany elektromotordan ybarat gibrid ulgam ýerleşýär. Umumy kuwwaty 303 kWt-a ýetýär.
Ulag E-CVT transmissiýasy we E-Four doly herekete getiriji ulgam bilen üpjün edilen. CLTC standartyna görä, diňe elektrik energiýasy bilen 70 km ýol geçip bilýär. 0-dan 100 km/sag tizlige 6,7 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizligi bolsa – 180 km/sag.



21.06.2026 21:15
4.5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....