Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty sanly ulgam arkaly halkara maslahatyny geçirdi

  • 05.04.2025 11:59
  • 2.6k+

4-nji aprelde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata Özbegistandan, Türkiýeden, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Rumyniýadan, Gazagystandan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Ermenistan Respublikasyndan, şeýle hem ýurdumyzdan ylym-bilim, sport ulgamynyň wekilleri, professor-mugallymlar, alymlar, tälimçiler işjeň gatnaşdylar.
Forumda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, sport ugurly ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Bedenterbiýe we sport uniwersitetleriň halkara birleşiginiň, Ýewraziýa sport ylymlary birleşiginiň ýolbaşçylar düzüminiň wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Çykyşlarda halkara tejribeler paýlaşyldy, ylmy barlaglaryň netijeleri, innowasion çemeleşmeler we täze garaýyşlar beýan edildi.
Halkara maslahatyň çäklerinde görkezme sapaklar guraldy. Sanly ulgam arkaly Russiýa Federasiýasynyň Uýgunlaşma hokkeý federasiýasynyň wekili Anton Politow «Inklýuziw hokkeý» atly görkezme sapagyny geçirdi.
Şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usuly merkeziniň hem-de ylmy gurnaklaryň alyp barýan işlerini görkezýän ýörite sergi ýaýbaňlandyryldy.


03.06.2026 17:49
3.9k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.3k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......