Ykjam Toyota Land Cruiser FJ-iň bahasy $35 müň bolar we ol 2026-njy ýylda satuwa çykar

  • 05.04.2025 08:41
  • 10k+

Toyota ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «Land Cruiser FJ» ykjam ulagy çykarylyşyny 2026-njy ýylyň birinji ýarymyna süýşürdi. Bu modeli ilkibaşda 2024-nji ýylyň güýzünde hödürlemek meýilleşdirilipdi diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär.

Gijikdirilmegiň sebäbi önümçilikde ýüze çykan bökdençlikler, sertifikatlaşdyrma meseleleri we «Land Cruiser 250» üçin sargytlaryň wagtlaýynça togtadylmagydyr. Şeýle-de Trampyň administrasiýasy tarapyndan girizilen täze gümrük paçlary hem bu karara öz täsirini ýetirdi. Model tanyşdyrylansoň bütin dünýäde, şol sanda Demirgazyk Amerikada hem satuwa çykarylar.
«Land Cruiser FJ-iň» dizaýny «Land Cruiser» maşgalasynyň umumy äheňini dowam etdirer. Ulag gönüburçly kuzowy, ýerden beýikligi we 2021-nji ýylyň «Compact Cruiser EV» konseptine meňzeýän LED faralary bilen tapawutlanar.

Bu model «Hilux Champ» üçin ulanylýan IMV 0 çarçuwaly platformanyň binýadynda gurlar. Onuň uzynlygy, takmynan, 4500 mm, ini – 1830 mm, beýikligi – 1850 mm, teker aralygy bolsa 2750 mm bolar. Ölçegi boýunça ol «Ford Bronco Sport-dan» uly, ýöne «Land Cruiser 250-den» kiçi bolar.
Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulag doly herekete getiriji ulgam, Torsen differensialy we ähli ýollara laýyk gelýän ýörite tekerler bilen enjamlaşdyrylar. Esasy görnüş 2,7 litrlik benzinli hereketlendiriji bilen üpjün ediler, ol 161 at güýjünde bolup, 246 Nm tork öndürer. Käbir sebitlerde ulagyň gibrid görnüşleri hem satuwa çykarylar.
Demirgazyk Amerikada bahasynyň 35 müň – 45 müň dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar. Ýagny 56 müň 450 dollardan başlaýan 2025-nji ýylyň «Land Cruiser-inden» has arzan bolar.


21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....