Toyota islegleri kanagatlandyryp ýetişenok: gibridlere nobat 2 aýdan 9 aýa çenli çekýär

  • 04.04.2025 22:33
  • 7.8k+

Toyota gibrid awtomobillere bolan islegiň ep-esli artmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy, bu hem ätiýaçlyk şaýlarynyň ýetmezçiligine we garaşmagyň wagtynyň uzalmagyna getirdi. ABŞ-daky, Ýaponiýadaky, Hytaýdaky we Ýewropadaky diler merkezlerinde ulaglar öndürijiniň bazara iberip ýetişmeginden has çalt satylýar diýip, Reuters ýagdaýdan habarly iki çeşmä çalgylanyp habar berýär.

LMC Automotive-iň maglumatlaryna görä, soňky bäş ýylda gibridleriň global satuwy tas üç esse – 5,7 milliondan 16,1 milliona çenli artdy. Ýewropada müşderiler ulaglara 60-70 gün garaşýar, bu bolsa 2020-nji ýyldakydan iki esse köpdür. Ol ýerde, esasan, Yaris Cross Hybrid we RAV4 Plug-in hybrid ulaglary uly islegden peýdalanýar.
Ýaponiýada alyjylar iki aýdan bäş aýa çenli garaşmaga taýýar. ABŞ-da gibrid Prius heniz fewral aýynda dükanlardan ýitdi, Camry bolsa çäkli mukdarda galdy. Hindistanda eltip bermegiň möhleti modele baglylykda iki aýdan dokuz aýa çenli ýetýär.
Şeýle gijikdirmeler Ýaponiýada öndürilýän gibrid güýç enjamlary üçin komponentleriň ýetmezçiligi bilen baglanyşyklydyr. Aisin Corp-dan magnit ýetmezçiligi we Denso inwertorlarynyň üpjünçiligi bilen bagly bökdençlikler önümçiligi gowşadýar.
Toyota Hindistanda başga üpjün edijileri we inwertorlary ýerli öndürmek mümkinçiligini gözden geçirýär.


21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....