Dwalişwili we O’Melli UFC 316-da titul rewanşyny geçirer

  • 03.04.2025 20:53
  • 6k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt UFC 316 ýaryşynyň esasy söweşini yglan etdi. Iň ýeňil agramda promouşeniň çempiony, gruziýaly Merab Dwalişwili titulyň öňki eýesi, amerikaly Şon O’Melli bilen duşuşar. Rewanş 7-nji iýunda Nýuarkda (ABŞ) geçiriler.

Ikinji möhüm söweş Julianna Penýa bilen Kaýla Harrisonyň arasyndaky titul tutluşygy bolar.
Dwalişwiliniň hasabynda 19 ýeňiş (şol sanda dört sany möhletinden ir) we dört ýeňliş bar. O’Melliniň hasabynda bolsa 18 ýeňiş bilen iki ýeňliş bar. Olaryň birinji söweşi 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda UFC 306-da boldy. Şonda Dwalişwili emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde ýeňiş gazanyp, O’Mellini guşagyndan aýyrdy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......