Aston Martin 1000 at güýji bolan Valhalla giperkaryny çykarmazdan öň synagdan geçirdi

  • 02.04.2025 11:42
  • 4.3k+

Aston Martin kompaniýasy täze Valhalla giperkarynyň soňky synaglaryny geçirdi. Synaglar Beýik Britaniýanyň ýollarynda we Ispaniýanyň Barselona şäheriniň golaýyndaky synag meýdançasynda geçirildi. Bu barada brendiň metbugat gullugy 31-nji martda habar berip, synaglarda düşürilen suratlary paýlaşdy.

Jemi 999 sany awtoulag öndüriler. Önümçilige 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde başlanylar.
Synag wagty inženerler ulagyň işjeň aerodinamikasyny, ruluň dolandyryşyny, tormozlaryny we asma ulgamyny kämilleşdirdi. Awtoulagyň rulunda Le-Man ýaryşlarynyň ýeňijisi we Aston Martin-iň synag sürüjisi Darren Terner bardy.
Valhalla brendiň köpçülikleýin önümçiligindäki tokdan zarýad alýan gibrid ulgamy bolan ilkinji modeli boldy. Ulag diňe elektrik energiýasy bilen hem hereket edip bilýär. Giperkar ortada ýerleşýän, goşa turbinaly dört litrlik V8 hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Geçiriş gutusy (karobkasy) – sekiz basgançakly, goşa ssepleniýeli «robot» bolup, ol içerki elektromotor bilen bilelikde işleýär. Şeýle-de öňdäki tekerleriň aralygynda ýerleşýän iki sany elektrikli hereketlendiriji ulagy doly herekete getiriji ulgam bilen üpjün edýär.
Ulagyň umumy kuwwaty 1079 at güýjüne (1100 Nm) ýetýär. Iň ýokary tizligi 350 km/sag bilen çäklendirilen, 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetýär. Giperkar elektrikli režimde bolsa iň ýokary 130 km/sag tizlige ýetip bilýär.

22.06.2026 14:34
2.5k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....