Toyota "Hilux GR Sport II-ni" täzeledi. Pikap «Dakar» ralliniň äheňlerinde kämilleşdirildi

  • 01.04.2025 09:22
  • 6k+

Toyota kompaniýasy «Dakar» ralli-reýdinden alan tejribesine esaslanyp, täze Hilux GR Sport II pikabyny tanyşdyrdy.

Modeliň tekerleriniň aralygy giňeldildi (+135 mm öň tarapda, +155 mm yz tarapda), ýerden beýikligi artdyryldy (323 mm) we giriş burçy gowulandyryldy (30 gradus).
Kompaniýanyň metbugat gullugynyň habaryna görä, ulag 204 at güýjüni we 500 Nm torky öndürýän 2,8 litrlik turbodizel hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. Ol 100 km/sag tizlige 10,7 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa – 175 km/sag. Standart enjamlaşdyrylyşda doly herekete getiriji ulgam we A-TRC ulgamy bar.


Asma ulgamy (podweskasy) täzeden işlenip düzülen: ryçaglar güýçlendirilen, amortizatorlaryň ýeri üýtgedilen we keseligine duran stabilizator ýeňilleşdirilen. Ulagyň daşky görnüşini bolsa, agressiw bamper, 17 dýuýmlyk gara diskler, gyzyl tormoz supportlary we gara G-mesh radiator gözenegi jemleýär.
Salony sport oturgyçlar (alkantaradan), alýumin pedal, peredaçany geçiriş lepestoklary we 8 dýuým ekranly multimediýa ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Bu ulgam Apple CarPlay-i we Android Auto-ny goldaýar.


21.06.2026 21:15
4.6k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....