Gawai adalarynyň iň işjeň wulkany 200 metr beýiklige lawa zyňdy

  • 29.03.2025 06:45
  • 7.9k+

Gawai adalaryndaky Kilauea wulkany henizem atylmagyny dowam edýär. Ol 2024-nji ýylyň ahyrynda täzeden işjeňleşipdi. Wulkanyň täze işjeňlik tapgyry sişenbe güni, 25-nji martda başlady. Şonuň ertesi gün, wulkan 200 metrden hem belent beýiklige lawa zyňyp başlady diýip, «Associated Press» agentligi habar berýär.

Häzirki atylmalar 2024-nji ýylyň 23-nji dekabrynda başlapdy. Ondan bäri üç aý geçdi. Şol döwürde wulkanyň işjeňligi 15 gezek güýçlendi. Olar dürli wagtlap dowam etdi – käbir tapgyr bary-ýogy 24 sagat dowam eden bolsa, käbiri 12 güne çenli uzady.
Bu wulkan atylmalary köp sanly syýahatçyny özüne çekýär. Adamlar bu täsin tebigy hadysany howpsuz aralykdan synlap bilýärler. Mundan başga-da, Halemaumau krateriniň gyralarynda birnäçe kamera oturdyldy. Olar wulkanyň hereketlerini göni ýaýlymda görkezýärler.

Lawa akymlary ilata howp salmaýar. Emma wulkan gazlary saglyk üçin howply bolup bilýär. Esasanam dem alyş we ýürek-damar näsazlyklary bolan adamlar üçin bu gazyň täsiri gaty zyýanly.
Kilauea wulkany deňiz derejesinden 1243 metr beýiklikde, Gawai adalarynyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýär. Bu ada «Uly ada» diýlip hem atlandyrylýar. Kilauea diňe bir Gawaileriň däl, eýsem, tutuş Ýuwaş ummanynyň hem iň işjeň wulkanydyr. Şeýle-de ol dünýäniň iň işjeň wulkanlarynyň biri hasaplanylýar. Mysal üçin, Puu-Oo krateri 1983-nji ýyldan, ýagny 40 ýyldan gowrak wagt bäri, arakesmesiz lawa zyňýar.
2018-nji ýylda Kilauea wulkanynyň güýçli atylyş tapgyry bolupdy. Ol maý aýynda başlap, awgusta çenli dowam edipdi. Şol döwürde lawa giň sebite ýaýrapdy. Ýerli häkimiýetler ýaşaýjylary göçürmek kararyna gelipdiler. Jemi 700-den gowrak jaý ergin magmanyň akymy we onuň bilen bagly çykan ýangynlar sebäpli ýumrulypdy.




09.05.2026 19:12
8.6k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.5k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....