Chevrolet NASCAR ýaryşlary üçin 1300-HP Blazer EV.R konseptini görkezdi

  • 26.03.2025 14:35
  • 3.2k+

Chevrolet Blazer EV.R  ýaryş elektrokarynyň - Next Gen şassisindäki, NASCAR ýaryşlary üçin niýetlenen konseptiň işlenip düzüliş jikme-jikliklerini paýlaşdy. Prototip Daytona 500 ýaryşynyň öňüsyrasynda çykdy we elektrikli awtosportuň geljegini görkezýär.

Blazer EV.R tapgyrlaýyn çykan Blazer EV SS-iň suduryny özünde saklaýar, ýöne oturşy peseldi, kuzowy giňeldi we aerodinamikasy gowulaşdy. GM-da ulag işlenip taýýarlananda onuň fiziki modelirlenişine uly üns berendiklerini nygtadylar. Korpusynyň üstünde işlemek üçin palçykdan ýasalan model ulanylypdyr, soňra sanly görnüşde işläp üstüni ýetiripdirler.
Konsept üç sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr: biri öňde we ikisi yzda. Güýç gurluşynyň umumy kuwwaty 1300 at güýjüne deňdir.
Ilkinji synag Günorta Karolinada trekde geçirildi. Elektrokary ýaryşçy türgen Jastin Allgaýer sürdi.
Kompaniýa Blazer EV.R-iň häzirlikçe görkezme awtoulagy bolup galýandygyny belledi. Ýöne onuň peýda bolmagy General Motors-yň, hatda ýaryş awtoulaglaryny hem elektrikleşdirmek isleýändigini görkezýär.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....