Huawei 2025-nji ýylyň maýynda HarmonyOS-ly ilkinji PK-ny hödürlär

  • 23.03.2025 23:42
  • 1.5k+

Huawei 2025-nji ýylyň maý aýynda HarmonyOS ulgamyna esaslanýan ilkinji şahsy kompýuteri hödürlejekdigini habar berdi. Bu barada Huawei-de Consumer Business Group-yň we Intelligent Automotive Solutions-yň ýerine ýetiriji müdiri we ýolbaşçysy Ýuý Çendun aýtdy. Bu ädim Huawei ekoulgamynda barha köp enjam kategoriýalaryny gurşap alýan HarmonyOS-yň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini aňladýar.

Maglumatlara görä, PK we noutbuklar üçin HarmonyOS-yň interfeýsi operasion ulgamyň mobil görnüşinden birneme tapawutlanar. Ekranyň ýokarky böleginde ulgam maglumatlaryny, habarnamalary we dolandyryş parametrini görkezýän status paneli ýerleşdiriler. Ekranyň aşagynda hem ulgam, hem beýleki programmalary öz içine alýan dok-panel peýda bolar. Şeýle-de, HarmonyOS dürli ululykdaky ekranlar üçin optimizirlenen wijetler toplumyny hödürlär, bu hem dürli görnüşli enjamlarda iş rahatlygyny üpjün eder.
Häzirlikçe PK-nyň ýa-da noutbugyň haýsy modeliniň ilkinji bolup HarmonyOS-y aljakdygy habar berilmedi. Ýöne gurluşyň diňe natiw programmalara niýetlenen OS wersiýasynda – HarmonyOS Next-de işlejekdigi belli. Bu täze OS-a eýe bolan kompýuterleriň öňki nesil mobil programma üpjünçiligini işledip bilmejekdigini aňladýar.
Häzirki wagtda Huawei MateBook hatarynyň noutbuklary Windows-da işleýär. ABŞ-nyň sanksiýalaryna garamazdan, kompaniýa Microsoft bilen hyzmatdaşlygyny dowam etdirýän az sanly hytaý korporasiýalarynyň biri bolmagynda galýar. Ýöne geljekde kompaniýanyň öz OS-yny ösdürmegi, amerikan programma üpjünçiliginden ýüz öwürmekde möhüm ädim bolup biler.
Şol bir wagtyň özünde, OS-yň täze wersiýasy köne ykjam goşundylary goldamaýar, bu bolsa onuň halkara bazaryna uýgunlaşmagyny kynlaşdyryp biler. Ähtimal, Huawei beýleki ýurtlarda Windows noutbuklaryny satmagyny dowam etdirse gerek. Goşmaça maglumatlar maý aýynda gurluş resmi taýdan çykandan soň belli bolar. 


31.12.2025 08:10
3.4k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...