Bugatti Tourbillon sekiz sany tüsse çykaryjy turba bilen enjamlaşdyrylar

  • 23.03.2025 19:01
  • 7.1k+

Bugatti kompaniýasy täze Tourbillon giperkarynyň şahsylaşdyryş (personalizasiýa) tapgyrynyň başlanandygyny mälim etdi. Indi müşderiler konfigurator arkaly aýratyn sazlamalary saýlap bilerler. Şol bir wagtyň özünde, öndüriji «Equipe Pur Sang» atly ýörite opsion pakedi barada hem maglumat berdi. Bu pakediň esasy üýtgeşikligi – sekiz sany tüsse çykaryjy turbaly wyhlop ulgamy diýip, «Motor1» neşiri habar berýär.

Kompaniýa täze wyhlop ulgamynyň hereketlendirijiniň güýjüne ýa-da tizligine täsir edip-etmeýändigini anyk aýtmady. Sekiz sany tüsse çykaryjy turba yzygiderli keseligine ýerleşdirilen. Munuň üçin yzky bamper täzeden işlenip düzülen we täze diffuzor goşulan. Şeýle-de paket bilen bilelikde ulaldylan öňdäki splitter we üýtgedilen yzky spoýler hem berilýär.
«Equipe Pur Sang» pakedi diňe daşky görnüşe täsir etmeýär. Onuň düzümine täze teker diskleri hem girýär. Öňdäki tekerleriň ölçegi 20 dýuým, yzkylaryňky bolsa 21 dýuým. Bu diskleriň sag we çep tarap üçin aýratyn tehnologik aýratynlyklary bar. Bu aýratynlyklar howa akymyny dolandyrmaga kömek edýär. Hatda tekerleriň gözenekleýin gurluşy yzky radiatora barýan howanyň akymyny 8% artdyrýar.
Bu paket awtoulagyň içini hem üýtgedýär. Tourbillon-yň bu wersiýasy has ergonomiki oturgyçlar bilen enjamlaşdyrylar. Şeýle-de interýerde uglerod süýümli (karbon) bezegler we ýörite nagyşlar bolar. Pakediň bahasy resmi taýdan mälim edilmedi, emma insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, onuň bahasy 240 müň dollar töweregi bolar. Tourbillon giperkarynyň bahasy häzirki wagtda 3,8 million ýewrodan başlaýar. Bu eksklýuziw ulagdan bary-ýogy 250 sanysy öndüriler.
Bugatti-niň täze giperkary güýçli hereketlendirijili ulgama eýe. Ol 1800 at güýji bolan gibrid ulgam bilen üpjün edilýär. Bu ulgam atmosferaly V16 hereketlendirijiniň esasynda gurulýar. Bugatti ozal ulanylan W16 hereketlendirijisini önümçilikden aýyrmaga taýynlanýar. Sekiz litr möçberli bu hereketlendiriji iň soňky gezek W16 Mistral ýol rodsterleriniň önümçiliginde ulanylar. Bu ulaglaryň ilkinji nusgalary eýýäm fewral aýynyň ortalarynda müşderilere gowşuryldy.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....