Şon Bredi UFC-de Leon Edwardsy demikdiriji usul bilen ýeňdi

  • 23.03.2025 17:42
  • 6.4k+

22-nji martda Londondaky (Beýik Britaniýa) “O2 Arenada” garyşyk başa-baş söweş boýunça UFC Fight Night 255 ýaryşy geçirildi. Onuň esasy söweşinde öňdebaryjy ýarym orta agramly söweşijiler (77 kg çenli) – öňki çempion, angliýaly Leon Edwards bilen amerikaly Şon Bredi duşuşdy.

Söweş dört raund dowam edip, Brediniň demikdiriji usul arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Indi Brediniň hasabynda 18 ýeňiş we bir ýeňliş bar.
Edwards üçin bu möhletinden ir ilkinji ýeňliş boldy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

Edwards soňky gezek oktagona 2024-nji ýylyň awgust aýynda çykdy we häzirki çempion Belal Muhammaddan ýeňlip, çempion guşagyny ýitirdi. Öz gezeginde, Bredi soňky söweşini 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirdi. Ol emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi bilen Gilbert Býornsden üstün çykdy.
Agşamyň ýene bir esasy söweşinde polşaly Ýan Blahowiç bilen Täze Zelandiýanyň wekili Karlos Ulberg duşuşdy. Söweş üç raund dowam edip, emin agzalarynyň biragyzdan karar bermeginde Ulbergiň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Blahowiç üçin bu ýeňliş karýerasynda garyşyk başa-baş söweşde 11-nji we UFC-de yzygider ikinji boldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......