Huawei täze FreeBuds 6 nauşniklerini hödürledi: 5 minut zarýad berip, 2,5 sagat üznüksiz ulanmak mümkin

  • 23.03.2025 12:03
  • 2.9k+

Huawei kompaniýasy täze FreeBuds 6 simsiz nauşniklerini tanyşdyrdy. Ol täzelenen dizaýny, kämilleşdirilen ses hili we Celia akylly kömekçisi bilen hödürlenýän mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar diýip, «Huawei Central» habar berýär.

FreeBuds 6 nauşnikleri öňki nesil modellere meňzeş ýarym açyk gurluşda işlenip düzülen. Bu onuň gulaga has amatly ýerleşmegini üpjün edýär. Huawei önümçilik tehnologiýasyny has-da ösdürip, nauşnikleriň aşaky böleginiň göwrümini 12% kiçeltdi, umumy agramyny bolsa 9% azaltdy.
Her nauşnigiň agramy bary-ýogy 4,9 gram, ölçegleri bolsa 30,6 × 18,5 × 22 mm. Zarýad beriji gutujygyň ölçegleri 66,2 × 49,9 × 26,8 mm bolup, agramy 40,3 gram. Nauşniklerde sensor dolandyryş ulgamy bar. Iki gezek basyp aýdym-sazy başladyp ýa-da saklap, jaňy kabul edip ýa-da öçürip bolýar. Üç gezek basylanda bolsa, öňki ýa-da indiki aýdym-saza geçýär. Sesiň derejesini sazlamak üçin barmagyňyz bilen ýokaryk-aşak süýşürmek ýeterlik. Uzak basyp saklanylanda, jaňy ret etmek ýa-da ses izolýasiýasynyň derejesini sazlamak mümkin.
Öndürijiniň berýän maglumatlaryna görä, FreeBuds 6 – sesiň hilini iň ýokary derejede ýetirip bilýän ilkinji ýarym açyk simsiz nauşnikdir. Nauşnikleriň içinde iki sany ýokary duýgurlykly akustiki modul ýerleşdirilen. Olar 48 kGs/24 bit parametrli sazlary 2,3 Mbit/sek tizlik bilen ýitgisiz ýerine ýetirip bilýär. Ses örän arassa eşidilýär.
FreeBuds 6 emeli aň esasly iki taraplaýyn aragatnaşyk funksiýasyny goldaýar. Hatda gohly ýerlerde-de ulanyjy arkaýyn gürleşip bilýär, sebäbi daşky sesleri peseltmek ulgamy ep-esli gowulandyrylan. Täze model 95 dB-e çenli sesleri izolirläp bilýär, bu bolsa köp sanly nauşniklerdäki adaty 45 dB-lik derejesi bilen deňeşdirilende, iki esse ýokarydyr.
Huawei Sound tehnologiýasy arkaly has arassa ses hödürlenýär. Nauşnikler ulanyjynyň kellesiniň hereketini yzarlap, giňişlikdäki ses effektlerini (spatial audio) üpjün edýär. Programma üpjünçiligi HarmonyOS platformasyna esaslanyp, akylly kömekçi Celia bilen işleşýär. Celia diňe bir aýdym-sazy dolandyrman, eýsem ulanyjynyň soraglaryna hem jogap berip bilýär, hatda 21 dile gönüden-göni terjime etmegi başarýar. Şeýle-de sesi ýazga almak we soňra terjime etmek mümkinçiligi hem bar.
Enjam doly zarýady bilen 36 sagada çenli işläp bilýär. Diňe 5 minut zarýad bermek arkaly 2,5 sagat üznüksiz ulanmak mümkin. Smart Charging funksiýasy ulanyjynyň endiklerini ýatda saklap, zarýad beriş prosesini optimizirleýär, bu bolsa batareýanyň ömrüni 37% artdyrýar.
Huawei FreeBuds 6 üç reňkde elýeterli bolar: Aurora Purple (gök öwüşginli benewşe), Starry Black (gara) we Sky White (ak). Hytaý bazarynda nauşnikler öňünden sargyt etmek üçin eýýämden elýeterli. Bahasy bolsa, takmynan, 140 dollar.


16.12.2025 17:18
2.5k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.7k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.5k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...