Mercedes-Benz kompaniýasy A-Class ulaglaryndan ýüz öwürýär

  • 22.03.2025 18:41
  • 5.5k+

Mercedes-Benz kompaniýasy beýleki ykjam modelleriň bähbidine A-Class hetçbeginden we sedanyndan ýüz öwrer. Bu barada brendiň tehniki direktory Markus Şafer habar berdi diýip, Carscoops belleýär.

Ol kompaniýa bütin dünýäde, şol sanda Hytaýda we ABŞ-da ýöreýän modelleriň gerekdigini düşündirdi. Onuň aýtmagyna görä, hetçbek Ýewropada iň gowy görülýän kuzow stili, ýöne täze hetçbegiň döredilmegi we önümçiligi has köp serişde sarp ederdi. Şonuň üçin kompaniýa “kyn netijä” gelmeli boldy.
Ol 2022-nji ýylda üýtgeşmeleri başdan geçiren häzirki Mercedes-Benz A-Class-yň germaniýaly awtoöndürijiniň hatarynda şeýle at bilen iň soňky model boljakdygyny tassyklady. Awtomobiller 2026-njy ýyla çenli çykarylar, şondan soň önümçilikden aýrylar.
Umuman, kompaniýa ykjam modelleriň bir böleginden ýüz öwrer. Indi hatarda geçen hepde hödürlenen täze CLA, şeýle-de GLA we GLB ulaglarynyň täze nesilleri we kiçi G-Class galar.
A-Class awtomobillerinden başga-da, hatardan A35 AMG hetçbegi we B-Class ykjam miniwenleri ýiter. Şeýle-de, EQA we EQB doly elektrik krossowerleriniň täze GLA we GLB hatarlaryna birikdirilmegine garaşylýar, bu bolsa EQ adyny aýryp, bir umumy dizaýna getirer.
Belläp geçsek, A-Class 2022-nji ýylyň ahyrynda ABŞ-da we Kanadada satuwdan aýryldy, ýöne beýleki bazarlarda, şol sanda Ýewropada satylmagyny dowam etdirdi.
Mercedes-Benz A-Class 1997-nji ýyldan bäri çykarylýar. 2022-nji ýylda soňky dördünji nesil modeliniň täzelenen wersiýasy çykdy.


03.06.2026 11:52
7.2k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.4k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......