Toyota awtoulaglary we akkumulýatorlary gaýtadan işleýän ilkinji zawody açýar

  • 22.03.2025 10:58
  • 6.9k+

Toyota kompaniýasy 2025-nji ýylda Toyota Circular Factory atly dünýäde awtoulaglary we akkumulýatorlary gaýtadan işleýän ilkinji zawodyny açar. Bu barada «The Engineer» ýazýar.

Täze zawod Beýik Britaniýanyň Býornaston şäherinde ýerleşer. Zawody güýzde işe girizmek meýilleşdirilýär. Bu taslama dünýäniň dürli künjeklerinde guruljak şuňa meňzeş zawodlaryň başlangyç nusgasy bolar. Maksat – awtoulag pudagynyň tebigata ýetirýän zyýanyny azaltmak we aýlawly ykdysadyýeti ösdürmek.

Täze zawodyň işi üç esasy ugra gönükdiriler:

  • Birinji ugur – täzeden ulanmak üçin ýaramly şaýlary almak. Gaýtadan ulanyp boljak şaýlar hil barlagyndan geçiriler. Soňra olar Toyota-nyň resmi söwda kanallary arkaly satuwa çykarylar.
  • Ikinji ugur – bölekleri abatlamak we gaýtadan işlemek. Bu bölümde akkumulýatorlar we tigirleriň diskleri ýaly şaýlar abatlanar. Olar täzeden ulanylmaga ýa-da gaýtadan işlenip, başga görnüşe öwrülmek üçin taýynlanar.
  • Üçünji ugur – çig mallary gaýtadan işlemek. Alýuminiý, polat, mis we plastmassa gaýtadan işlenip, täze awtoulaglaryň önümçiliginde ulanylar. Netijede, tebigy baýlyklara bolan garaşlylyk azaldylar.

Başlangyç tapgyrda Toyota Circular Factory her ýylda 10 müň awtoulagy gaýtadan işlär. Bu işiň netijesinde, 120 müň sany ätiýaçlyk şaýy täzeden ulanylar.Şeýle-de 8,2 müň tonna polat we 300 tonna ýokary hilli plastmassa gaýtadan işlenip, senagatda peýdalanylar.


16.06.2026 09:57
5.3k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......