Toyota-nyň bir bölümçesi eden galp işleri sebäpli 1,6 mlrd dollar jerime tölär

  • 21.03.2025 17:23
  • 10k+

Toyota kompaniýasy Hino Motors bölümçesi we zyňyndylar barada maglumatlaryň galplaşdyrylmagy sebäpli dawa merkezine düşdi.

Detroýdyň federal kazyýeti Hino-ny köpýyllyk kezzaplykda günäkär hasaplap, ony 1,6 mlrd dollar möçberde jerime tölemäge borçlandyrdy.
Kazyýet çözgüdi 521,76 mln dollar möçberde jerimäni we döwletiň haýryna 1,087 mlrd dollar öwez tölegini öz içine alýar. Mundan başga-da, Hino kompaniýasyna bäş ýylyň dowamynda ABŞ-a öz öndüren dizel hereketlendirijilerini getirmek gadagan edildi.
Derňew işleri 2010-njy ýyldan 2022-nji ýyl aralygynda kompaniýanyň 105 000-den gowrak awtomobil üçin zyňyndylar baradaky maglumatlary galplaşdyrandygyny anyklady, ýöne içerki barlaglar galplaşdyrmanyň baryp 2003-nji ýylda başlandygyny görkezdi. Synaglar düzgün bozmalar bilen geçirilip, zyňyndy görkezijileri emeli usulda peseldilipdir.
Hino hapalanmanyň derejesini azaltmak üçin deňiz we demirýol ulaglarynda hereketlendirijileri döwrebaplaşdyrmak maksatnamasyna 155 mln dollar berer. Ýene 144,2 mln dollar 2017-2019-njy ýyllarda çykan ýük ulaglarynyň hereketlendijilerini yzyna gaýtarmaga we düzetmäge gönükdiriler.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....