Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti wezipesine saýlandy

  • 21.03.2025 15:23
  • 2.1k+

Kirsti Kowentri Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) täze prezidenti wezipesine saýlandy. Bu barada guramanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

Kowentri HOK-nyň Gresiýada geçirilen 144-nji mejlisinde gizlin ses berişlik arkaly, ýedi dalaşgäriň arasyndan saýlandy. Ol bu wezipede sekiz ýyl ýolbaşçylyk eder we 23-nji iýunda resmi taýdan ygtyýarlyklaryny kabul eder.
41 ýaşly Kirsti Kowentri Zimbabwede doglan we öňki suwda ýüzüji. Ol iki gezek olimpiýa çempiony, ýedi gezek dünýä çempiony we birnäçe gezek dünýä rekordçysy bolan. Kowentri 2018-nji ýyldan bäri, öz ýurdunyň sport, sungat we dynç alyş ministri wezipesini ýerine ýetirip gelýär. 2013-nji ýyldan bäri HOK-nyň agzasy bolup durýar. Ol şeýle-de 2017-2024-nji ýyllar aralygynda Halkara sýorfing federasiýasynyň wise-prezidenti wezipesinde işledi.
Kowentri HOK-nyň 130 ýyllyk taryhyndaky onunjy prezident, şeýle-de bu wezipä geçen ilkinji zenan we Afrikadan saýlanan ilkinji wekil boldy. Prezident hökmünde onuň gurajak ilkinji uly oýny 2026-njy ýylda Milanda we Kortinada geçiriljek Gyşky Olimpiýa oýunlary bolar.
Mundan ozal HOK-nyň prezidenti wezipesini 12 ýyllap germaniýaly Tomas Bah ýerine ýetiripdi. Ol bu wezipä ilkinji gezek 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda saýlanyp, 2021-nji ýylda dört ýyllyk möhlet bilen gaýtadan saýlanypdy. Soňky saýlawlarda ol bu wezipä ýeke-täk dalaşgär bolupdy.


23.02.2026 10:07
1.6k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.1k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

21.02.2026 10:38
1.8k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...

17.02.2026 20:42
7.5k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...