Jeep Compass 2026-njy ýylda ilkinji gezek üç wersiýa we täze tehnologiýa bilen çykar

  • 19.03.2025 06:20
  • 3.3k+

Jeep 2026-njy ýylda Compass modeliniň täze neslini çykarmaga taýynlanýar. Model üç görnüşde hödürlener: benzin, gibrid we doly elektrik.

Täze model giň içerki we ösen tehnologiýalary üpjün edýän STLA Medium platformasyna esaslanar. Wnedorožnigiň mümkinçilikleri saklanar – tekerleri doly hereketlendiriji ähli görnüşinde, şol sanda elektrik görnüşinde hem bolar.
Önümçiligine 2025-nji ýylda Italiýanyň Melfi şäherindäki zawodda başlanar. Demirgazyk Amerika üçin önümçilik 2026-njy ýylda Kanadanyň Brampton şäherindäki döwrebaplaşdyrylan Stellantis zawodynda başlar.
Häzirki Compass markanyň iň elýeter bahaly ulaglaryndan biridir: esasy wersiýasynyň bahasy 27 000 dollardan, Trailhawkiňki bolsa 33 000 dollardan başlaýar.
Täzelenen Compass haýbatly dizaýny we kämilleşdirilen geçijilik ukybyny alar. Tizer iň täze tehnologiýany ýaňzydýar. Ilkinji görkezilişiniň ýakyn aýlarda bolmagyna garaşylýar.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....