13-nji nesil Toyota Corolla ulagy barada täze maglumatlar peýda boldy

  • 18.03.2025 10:36
  • 9.3k+

Toyota 2026-njy ýylda Corolla-nyň 13-nji neslini çykarmaga taýýarlanýar. Täze ulag ýiti daşky görnüşi we kuwwatly GR wersiýasy bilen haýran galdyrar diýip, Carscoops habar berýär.

Dizaýn Prius, C-HR we Camry modellerinden ruhlandy: ýiti çyzyklar, LED faraly T görnüşli öň bölegi we inçe yzky çyralar. Şeýle-de, uzaldylan yzky gapylar we täze bamper bu görnüşiň üstüni ýetirýär.
Interýer Prius ulagyndan sanly paneli we Apple CarPlay, Android Auto funksiýalary we EA-nyň esasynda ses dolandyryşy bolan 12,3 dýuýmlyk multimedia ekranyny, şeýle-de panorama üçegini, giň bagaž ýerini alar.


Hereketlendiriji hatarynda üç görnüşde 1,5 litrlik hereketlendiriji bolar:

  • 128 at güýjüni berýän atmosfera hereketlendirijisi;
  • 178 at güýjüni berýän turbo;
  • Kämilleşdirilen zarýad alyş bilen gibrid (HEV).

Birikdirilýän gibrid (PHEV) iki elektrik hereketlendirijisine eýe bolar. GR Corolla 300 at güýjündäki 1,6 litrlik turbo hereketlendirijisi ýa-da 400 at güýjündäki täze 2,0 litrlik turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Mehanika hatarda galar, ýöne awtomaty hem goşmak göz öňünde tutulýar.
Adaty kuzowlar – sedan, hetçbek we uniwersal Touring saklanar. Soňkusy kross-wersiýada ýa-da Ýaponiýa üçin GR eksklýuziw hökmünde çykyp biler.


şu gün 21:15
337

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.7k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.5k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....