Toyota ýetginjekler üçin FT-Me ykjam elektrokarynyň konseptini görkezdi

  • 17.03.2025 18:27
  • 5.1k+

Toyota ýetginjekler üçin niýetlenen kiçi FT-Me elektrokarynyň özboluşly konseptini görkezdi. Ulag tizligini 45 km/sag çenli artdyrýar we ykjamlylygy makul bilýän megapolisler üçin laýyk gelýär.

Modele iki adam sygýar, ýöne ol awtoduralga ýeriniň bary-ýogy ýarysyny eýeleýär. FT-Me kwadrosikl hökmünde görkezilýär, bu hem ony ýerli kanunlara baglylykda 14 ýaşdan başlap dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Konsept futuristik dizaýny bilen tapawutlanýar, ýöne onuň aýratynlyklary ýönekeý: uzynlygy – 2,5 metr, agramy – 425 kg. Geçýän menzili 100 km, ýöne üçekdäki Gün panelleri bir günde ýene 30 km goşýar.


Model doly derejede elektrik bolup, el bilen dolandyrylýar. Ýolagçy oturgyjyny aýryp, maýyplaryň arabasy üçin ýer boşatmak hem bolýar.
Kompaniýa FT-Me-ni kurýerler üçin ulagdan başlap, ýetginjekler ýa-da karşering üçin arzan ulag hökmünde görkezýär.
Onuň takyk aýratynlyklary we bahasy heniz belli däl, ýöne önümçilige goýberilen ýagdaýynda onuň bahasy 10 000 dollar töweregi bolar. Bu beýleki kompaniýalaryň şular ýaly ulaglaryndan gymmat däl. Deňeşdirmek üçin, Citroen Ami (64 km menzil bilen) 9950 dollara, Fiat Topolino (76 km) – 10 760 dollara, Mobilize Duo bolsa (160 km) – 10 800 dollara durýar.


21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....