Kurtua tälimçi bilen düşünişmezlik sebäpli iki ýyldan soň Belgiýanyň ýygyndysyna gaýdyp geldi

  • 16.03.2025 16:14
  • 10k+

Belgiýanyň Patyşalyk futbol assosiasiýasy Milletler ligasynyň pleý-off oýunlary üçin topar düzümini yglan etdi. Sanawa, beýlekiler bilen bir hatarda, 2023-nji ýyldan bäri topara çagyrylmadyk Madridiň “Realynyň” derwezebany Tibo Kurtua hem girdi.

Soňky gezek ol Belgiýa üçin 2023-nji ýylyň iýun aýynda oýnapdy. Soňra derwezeban toparyň eýýäm öňki baş tälimçisi Domeniko Tedesko bilen düşünişmezlik sebäpli topara hiç hili çagyrylmady. Tedesko 17-nji ýanwarda wezipeden gitdi, onuň ornuna Rudi Garsiýa geldi.
Belgiýanyň milli ýygyndysy Milletler ligasynda Liga A-da çykyş etmek hukugy üçin oýunlarda Ukraina bilen duşuşar. Oýunlar 20-nji martda Mursiýada (Ispaniýa) we 23-nji martda Genkde (Belgiýa) geçiriler.
Kurtua milli topar üçin 102 oýna gatnaşdy.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......