Toyota täze Crown Estate uniwersalyny tanyşdyrdy

  • 16.03.2025 13:53
  • 6.8k+

Toyota kompaniýasy Ýaponiýada «Crown Estate» uniwersalyny tanyşdyrdy diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär.

Bu bäş gapyly ulag ABŞ-da «Crown Signia» ady bilen satylýar. Ol krossower bilen adaty uniwersalyň utgaşmasy hökmünde hödürlenýär. Ikinji hatardaky oturgyçlar dik durka onuň ýük bölüminiň göwrümi 570 litr bolýar. Eger-de oturgyçlar ýatyrylsa, ýük bölümi 1470 litre çenli giňeýär. Bu model Toyota-nyň 2 metrlik tekiz meýdany döredip bilýän ilkinji awtoulagydyr.
Awtoulagyň ýene bir esasy aýratynlygy – ýük bölüminiň içinden gönümel açylýan oturgyç we kiçiräk stol bolup durýar. Olaryň reňkleri interýer bilen sazlaşykly. Ulag üç sany sürüş tertibi bilen üpjün edilýär: «Normal»«Sport» we yzky oturgyçlarda has rahat syýahat etmek üçin «Rear Comfort».


Daşky görnüşi boýunça bu ulag «Crown Crossover» we «Crown Sport» modellerine meňzeýär, emma bir esasy tapawudy bar – munda radiatoryň gözenegi bamper bilen birleşdirilen. Täze modeliň interýeri hem «adajyklar» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanyp döredilipdir, ýagny dolandyryş panelindäki funksiýalar aýratyn toparlara bölünip goýlupdyr.
«Crown Estate» 2,5 litrlik atmosferiki benzinli-elektrikli gibrid hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylýar. Adaty gibrid görnüşinde bu hereketlendiriji 177 at güýjüni we 213 Nm torky öndürýär, zarýad berilýän gibrid görnüşinde bolsa 190 at güýjüni we 236 Nm torky üpjün edýär. Şeýle-de ulagda iki sany elektromotor bar: öňdäki motor 182 at güýjüni we 270 Nm torky, yzdaky motor bolsa 54 at güýjüni we 121 Nm torky öndürýär. «Crown Crossover» we «Crown Sport» modelleri bilen deňeşdirilende, «Crown Estate-iň» öňdäki elektromotorynyň güýji 50% artdyrylypdyr, şonuň üçin üsti ýükli ýagdaýynda hem ulagyň dinamiki häsiýetleri peselmeýär. Ulagyň umumy kuwwaty bolsa, degişlilikde 243 we 306 at güýjüne deňdir.
«Crown Estate» kuzowy boýunça bäş dürli reňkde we bäş sany iki öwüşgüni özünde jemleýän görnüşde elýeterli, interýeriniň bolsa üç sany reňk shemasy bar.


Ýaponiýada adaty «Crown Estate-iň» bahasy 6,35 million ýena (takmynan, 42,7 müň dollara), plagin-gibrid ulgamy bilen üpjün edilen görnüşi bolsa 8,10 million ýena (takmynan, 54,5 müň dollara) deň.



düýn 09:33
5.8k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......

04.05.2026 20:02
4.3k+

Lexus Toyota Highlander-iň binýadynda täze üç hatarly krossowerini görkezer

Lexus brendi resmi tanyşdyrylyşy 7-nji maýa meýilleşdirilen täze modeliniň tizerlerini paýlaşdy. Bu täzeligiň ýakynda tanyşdyrylan elektrik Toyota Highlander-iň premial nusgasy bolan uly göwrümli elektrik......