Aýyň üstünden doly Aý tutulmasy nähili görünýär? Blue Ghost suratlary iberdi

  • 15.03.2025 13:19
  • 8.6k+

14-nji martda Ýerde 2022-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri ilkinji doly Aý tutulmasyna syn etmek mümkin boldy. Şol bir wagtyň özünde, Aýda ýerleşýän Firefly Aerospace amerikan kompaniýasynyň Blue Ghost gonuş moduly bu astronomiki hadysany düýbünden başga burçdan synlady. Onuň üçin bu Gün tutulmasy boldy.

Birnäçe sagatdan soň ol Ýere täsin suratlary iberdi.

Eger Ýerde Aý tutulmasy doly Aýyň planetamyzyň gyzylymtyl kölegesine girmegi ýaly görünýän bolsa, onda Aýyň üstünden syn edeniňde ol Gün tutulmasy bolýar – bu pursatda Ýer Günüň diskinden geçip, ony özi bilen doly ýapýar. Tutulma wagtynda Aýyň görünýän tarapy alagaraňkylyga girdi, ýöne Gün panelleriniň hasabyna energiýa alýan Blue Ghost akkumulýatoryň kömegi bilen saklanmagy başardy. Tutulmanyň esasy tapgyry tamamlanandan soň, enjam suratlary we beýleki maglumatlary ibermäge başlady.

Bu surat tutulma başlan wagty düşürildi:

Bu surat has-da haýran galdyryjy boldy.

“Blue Ghost özüniň ilkinji göwher ýüzügini aldy! CDT boýunça irden sagat 3:30 töweregi [merkezi tomus wagty, Aşgabat wagty bilen 13:30] Aýda Mare Crisium-daky gonan ýerimizde düşürildi. Suratda Günüň Ýeriň aňyrsynda tutulmanyň doly tapgyryndan çykjak bolşy görünýär. Tiz wagtdan ýene paýlaşar ýaly zat bolar diýip umyt edýärin!” – diýip, Firefly Aerospace X sosial ulgamynda posta teswir berdi.

 

 Ýene birnäçe sagatdan soň kompaniýa hemranyň Ýeriň kölegesine doly giriş tapgyryny görkezýän wideony hödürledi.

 

“Gök arwah [Blue Ghost] gyzyl boldy! Biziň gonuş modulymyz geçen gije doly Gün tutulmasy wagty CDT boýunça 2:30 töweregi [Aşgabat wagty bilen 12:30] düşürilen Aýyň has köp suratlaryny iberdi. Biziň dürli ekspozisiýa sazlamalary bilen ýokarky kameramyz tarapyndan çalt alnan suratlar bir gysgaça wideo birleşdirildi”.

Blue Ghost – Aýdan doly Gün tutulmasyny surata almagy başaran ilkinji enjam däl. 1976-njy ýylda şeýle tutulmanyň gara-ak suratyny Surveyor III enjamy düşürdi. Ýöne Firefly Aerospace-iň moduly Aýdan tutulmanyň ilkinji gezek reňkli suratlaryny alyp, taryha girdi.

Ýatlap geçsek, modul 2-nji martda Aýyň görünýän tarapyna üstünlikli gondy we kem-kemden hemranyň üstündäki işlerini tamamlaýar.


16.12.2025 09:48
8.1k+

Aýa bir sagatda üç meteorit baryp urdy

15-nji dekabra geçilen gije Aýyň üstüne üç meteoritiň gaçyşy hasaba alyndy. Hadysa bir sagatdan az wagtyň içinde bolup geçdi. Seýrek çaknyşma seriýasy iň kuwwatly meteor akymlarynyň biri bolan Geminidiň iň ýokary işjeňligi bilen baglanyşyklydyr diýip, ýaponiýaly astronom-höwesjeň Daiçi Fuji habar berdi...

03.12.2025 09:20
10k+

Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler

Ýeriň ýaşaýjylary dekabryň başynda birnäçe täsin astronomik hadysalara: Superaýa, Geminid meteor akymyna we Ýupiteriň iň uly hemralaryna syn edip biler. Bu barada UrFU okuw astronomiýa obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewe salgylanyp, TASS habar berýär...

25.08.2025 13:42
11k+

Aý Günüň golaýyndan geçdi: teleskoplar Gün tutulmasyna taýýarlygy düşürip ýetişdiler

23-nji awgustda Aý Günüň ýanyndan geçdi. Bu hadysany GOES-19 kosmos apparatyna ornaşdyrylan SUVI Gün teleskoplary ýazga aldy. Suratlar we wideo ýazgylar Aşgabat wagty bilen irden sagat 10 töwereginde, astronomik täze Aý döwründen takmynan bir sagat öň düşürildi...

08.08.2025 15:15
6.4k+

Aý 7-nji sentýabrdaky tutulma wagtynda gyzyl reňke eýe bolar

7-nji sentýabrda doly Aý tutulmasy bolup geçer we onuň dowamynda Aý bir ýarym sagat töweregi Ýeriň kölegesinde bolar. Bu döwürde tebigy hemra gyzylymtyl reňke eýe bolar diýip, Moskwa planetariýasynyň usuly goldaw bölüminiň başlygy, astronom Lýudmila Koşmana salgylanyp, TASS habar berýär...