Bentley gülgüne altyn bilen bezelen eksklýuziw Batur kupesini görkezdi

  • 15.03.2025 08:49
  • 6.4k+

Bentley britan lýuks awtoulag öndürijisi «Mulliner Batur» atly eksklýuziw kupesini ilkinji gezek 2022-nji ýylyň tomsunda hödürläpdi. Bu ulagdan öndüriljek 18 nusganyň ählisi, eýýäm, şol wagt öňünden sargyt edilipdi. Olaryň bahasy 2,13 million dollardan başlaýardy. Häzirki wagtda hem bu modelleriň önümçiligi dowam edýär. Ýakyn wagtda bolsa, kompaniýa bir müşderisi üçin ýörite taýýarlanan nusgasyny görkezdi. Bu ulag müşderiniň islegine görä, «Black Rose» (Gara gül) diýlip atlandyryldy diýip, «Forbes» neşiri habar berýär.

«Bentley Mulliner Batur Black Rose» – ruly sag tarapda ýerleşýän mini seriýadaky üç kupeden biridir. Müşderiniň islegine laýyklykda, onuň daşky we içki bezeginde gyzyl altyn esasy tema hökmünde ulanylypdyr. Mulliner awtobezeg ussahanasy bu ulagyň kuzowy üçin, ýörite «Black Rose» atly öwüşgüni işläp taýýarlapdyr. Bu reňk Beluga atly gara üçek bilen sazlaşykly utgaşýar. Şeýle-de ulagyň radiator gözenegi, bamperiň bölekleri, kapoty, aýnalaryň korpuslary, 22 dýuýmlyk tigirleri we birnäçe ownuk detallary hem «Satin Rose Gold» (ýalpyldamaýan gyzyl altyn) reňk bilen bezelipdir.

Şol bir reňk shemasy onuň içki bezeginde hem ulanylypdyr. Ulagyň salony deri, twid we şpon (agaç) bilen örtülen. Mundan başga-da, interýeriň bezeginde 18 karatlyk hakyky gyzyl altynyň 210 gramy ulanylypdyr. Gymmat bahaly materialdan 3D çap usuly arkaly, merkezi konsoldaky sürüjilik režiminiň selektory, gurallar panelindäki dolandyryş düwmeleri we rulyň içindäki bezegler ýasalypdyr.
«Mulliner Batur» modelleriniň ählisiniňem tehniki häsiýetleri birmeňzeşdir. Olar 750 at güýjüni öndürýän we 1000 Nm tork berýän 6 litrlik W12 hereketlendiriji bilen üpjün edilýär. Awtoulagda 8 basgançakly awtomat geçiriş gutusy (karobka) we doly herekete getiriji ulgam bar. «Batur» modeli bir wagtlar Bentley-iň taryhyndaky iň güýçli ýol ulagy hasaplanýardy, ýöne geçen tomus bu derejäni 782 at güýji bolan täze nesil «Continental GT» modeli eýeledi.




düýn 10:28
977

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.3k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
3.8k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......