ABŞ-daky mämişi reňkli ak baýguş alymlary geň galdyrdy

  • 15.03.2025 08:28
  • 11k+

Şu gyşda ABŞ-nyň Miçigan ştatyndaky Guron kölüniň töwereginde adaty bolmadyk açyk-mämişi reňkli täsin ak baýguş göze ildi. Guşuň ýerli suratçylar tarapyndan düşürilen şekilleri alymlaryň ünsüni özüne çekdi. Olar bu reňkiň nädip ýüze çykandygyny düşündirmek üçin dürli çaklamalary öňe sürdüler diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär.

Baýguşlary öwrenýän institutyň (ORI) direktory Denwer Holt 35 ýyl bäri baýguşlary gözegçilikde saklap gelýändigini, emma beýle üýtgeşik ýagdaý bilen öň hiç haçan gabatlaşmandygyny aýtdy. Miçigan ştat uniwersitetiniň (MSU) biology Kewin Makgrou bu baýguşyň daşky gurşawyň hapalanmagy netijesinde ýüze çykan genetiki mutasiýa sebäpli mämişi reňke öwrülen bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy. Obern uniwersitetiniň (Auburn) ornitology Jeffri Hill bolsa, munuň tebigy mutasiýa sebäpli bolup bilmejekdigini, sebäbi reňkiň gaty ýagtydygyny we simmetrik däldigini belläp geçdi.
SNOWstorm taslamasynyň guramaçylaryndan Skott Waýdensoul bolsa, munuň sebäbini uçarlarda ulanylýan doňaklyga garşy suwuklyk bilen baglanyşdyrdy. Şol bir wagtyň özünde, ýerli ýaşaýjylar baýguşyň menekleriniň diýseň birsydyrgyn ýaýrandygyny, şonuň üçin bu tegmilleriň tötänleýin döräp bilmejekdigini öňe sürdüler.
Şeýle-de bolsa, Miçiganyň Tebigy baýlyklar bölümi baýguşy tutmagy meýilleşdirmeýändiklerini mälim etdi. Şeýlelikde, bu täsin ak baýguşyň syry açylman galyp biler.


15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
17k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....