Maşynda konsert zaly: Cadillac elektromobillerini Dolby Atmos ulgamy bilen enjamlaşdyrar

  • 14.03.2025 22:27
  • 2.4k+

2026-njy ýyldan başlap, Cadillac-yň ähli elektromobilleri giňişleýin ses we ýokary rahatlyk üpjün edýän Dolby Atmos ses ulgamy bilen enjamlaşdyrylar.

Mundan öň Cadillac-yň käbir modelleri AKG premium ses ulgamy bilen üpjün edilýärdi, emma indi ähli elektrikli modellerde, şol sanda «Escalade IQL», «Vistiq» we «Lyriq-V» ýaly täze modellere-de Dolby Atmos standart bolar.
2025-nji ýylyň benzinli «Escalade» modelleriniň eýeleri hem bu ses ulgamyny simsiz täzelenme arkaly gurnap bilerler.
Cadillac Dolby bilen hyzmatdaşlygyň geljege gönükdirilen möhüm ädimdigini belläp, häzirki zaman awtomobil brendleriniň diňe bir güýç we dizaýna däl-de, eýsem ösen multimediýa tehnologiýalaryna-da uly ähmiýet berýändiklerini nygtaýar.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....