2025-nji ýylyň ilkinji doly Aý tutulmasy şeýle boldy (Fotosuratlar)

  • 14.03.2025 21:27
  • 6.9k+

Ýeriň ýaşaýjylary 14-nji marta geçilýän gije 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek bolup geçen doly Aý tutulmasyna şaýat boldular. Bu täsin tebigy hadysany synlamak üçin iň amatly şertler Demirgazyk we Günorta Amerikada boldy. Şeýle-de tutulmanyň käbir tapgyrlary Ýewropadan we Afrikadan hem göründi.

Türkmenistanda şol wagt gündizdi, şonuň üçin Aý tutulmany görüp bilmedik. Emma indiki «Gyrmyzy Aýy» 6-7-nji sentýabrda synlap bileris. Şol wagta çenli bolsa, biz okyjylarymyza bu täsin asman hadysasynyň iň täsirli suratlaryny hödürleýäris.
Floridanyň asmanyndaky «Gyrmyzy Aý». Bu suraty astrofotograf Jon Kraus düşürdi.

Bu kollaž hem Jon Kraus tarapyndan taýýarlanyldy. Ol tutulmanyň ähli tapgyrlaryny görkezýär.

Tanymal astrofotograf Endrýu Makkarti hem bu pursady surata düşürmegi başardy. Doly tutulma wagty Aýyň ýagtylygynyň şeýle bir peselýändigine üns beriň, hatda onuň aňyrsyndaky ýyldyzlar hem görünýär.

Doly tutulmanyň Kliwlendiň (Ogaýo ştaty) asmanyndaky pursady. Suraty Geýb Wasilko düşürdi.

Bu suratda «Gyrmyzy Aý» raketa bilen bilelikde görünýär. Firefly Aerospace kompaniýasynyň başlangyç meýdançasynda duran Alpha raketasy Aý tutulmasy bilen bir suratda şekillendirilipdir. Suratdaky many – häzirki wagtda Aýda şol kompaniýanyň Blue Ghost atly kosmos apparatynyň işläp ýörendiginde. Ýerde Aýyň tutulyp duran mahaly, ol apparat hem Aýda Gün tutulmasyny surata düşürmegi başardy.

Tutulmanyň doly fazasyna degişli bu täsirli suraty amerikan astrofotografy Rami Ammun düşürdi.

Arizonanyň asmanyndaky tutulma. Suratçy: Endrýu Imhoff.

Doly tutulmany synlamak üçin iň amatly şertler Demirgazyk we Günorta Amerikada boldy. Emma ony Ýeriň beýleki sebitlerinden hem görmek mümkin boldy. Tutulmanyň tapgyrlary Şotlandiýanyň asmanynda şeýle göründi. Suraty astrofotograf Joş Dýuri düşürdi.

Käbir synçylar bir pursatda iki täsin asman hadysasyny görmegi başardylar: doly Aý tutulmasy we demirgazyk şapagy. Bu täsin pursady Alýaskada Winsent Ledwin surata düşürdi.

Tutulmanyň başlan pursady. Bu surat Wankuwer şäherinde düşürildi. Awtor: Endrýu Çin.


09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.8k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...

26.02.2026 16:54
5.4k+

Gün «ukudan oýandy»: alymlar 4 günlük dymyşlykdan soň işjeňligiň gaýtadan başlandygyny mälim etdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy...

26.02.2026 12:40
5.8k+

Älemdäki iň uly ýyldyzlaryň biri partlamaga taýýarlanýar

Älemde mälim bolan iň äpet ýyldyzlaryň biri — WOH G64 — düýpli üýtgeşmelere sezewar boldy. Alymlaryň pikirine görä, bu ýyldyzyň ömri tamamlanyp barýar. Afiny milli obserwatoriýasynyň hünärmeni Gonsalo Munýosa-Sançesiň ýolbaşçylygyndaky barlag topary şeýle netijä geldi...