Cadillac taryhdaky iň güýçli modeli bolan Escalade SXR 2025-i hödürledi

  • 14.03.2025 18:37
  • 5.8k+

Cadillac Escalade SXR 2025 tanyşdyryldy. Ol 1000 at güýjüne çenli kuwwat öndürýän hereketlendiriji bilen üpjün edildi diýip, «GM Authority» ýazýar.

Model iki görnüşde hödürlenýär: esasy görnüşi 6,2 litrlik V8 hereketlendirijisi bilen 700 at güýjüni öndürýär, iň güýçli görnüşi bolsa 6,8 litrlik hereketlendirijisi bilen 1000 at güýjüne ýetýär. Iki hereketlendiriji hem süýlüp ýasalan tirsekli wal, alýumin porşenler we täzeden işlenen silindr başy bilen güýçlendirilen. Mundan başga-da ýörite nagnetatel we poslamaýan polatdan ýasalan sport wyhlop ulgamy oturdylan.
Escalade SXR modeli 22 dýuýmlyk teker diskleri, 16,1 dýuýmlyk ýelejiredilýän tormoz diskleri we alty porşenli Brembo tormoz ulgamy bilen enjamlaşdyrylan. Agramy peseldilen asma ulgamy, awtomatiki çykyp-girýän basgançaklar we gara reňkli bezeg elementleri bu modele aýratyn keşp berýär.
Her görnüşden 50-si, ýagny bu ulagdan jemi 100 sanysy öndüriler.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....