Gawaý adalarynda wulkan atylandaky lawa tornadosy wideo düşürildi. Ol nädip emele gelýär?

  • 13.03.2025 14:30
  • 4.3k+

Amerikaly Skott Malis geçen aý Gawaý adalaryndaky (Ýuwaş ummany) Kilauea wulkanynyň atylan mahaly emele gelen «lawanadony», ýagny lawa tornadosyny wideo ýazga aldy diýip, «Daily Mail» neşiri habar berýär.

Malisiň wideo ýazgysynda wulkan krateriniň düýbünde gyzgyn lawanyň (magmanyň) möwjeýändigi we şol bir wagtda kiçijek girdabyň erän dag jynslarynyň üstünden aýlanyp geçýändigini görmek bolýar.
Hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle hadysalar ergin magmanyň üstündäki howany gyzdyrmagy netijesinde ýüze çykýar. Aşa gyzan howa dykyzlygyny ýitirip, ýokaryk galýar. Eger şemalyň ugry we tizligi laýyk gelse, gyzgyn howa sütüni aýlanyp, tornadony emele getirip bilýär.

düýn 13:12
7.8k+

Wenesiýa suw basmak howpy abanýar: şäher 9 günde 15 gezek suw joşgunyny başdan geçirdi

Wenesiýada 9 günüň dowamynda 15 gezek ýokary suw joşguny hasaba alyndy. Bu ýylyň başy üçin rekord görkezijidir diýip, ANSA agentligi habar berýär. Suw joşgunlaryna gözegçilik ediş merkeziniň direktory Alwize Papa bu ýagdaýy «heniz görlüp-eşidilmedik waka» diýip atlandyrdy we muny global maýlama sebäpli ýüze çykýan töwekgelçilikleriň artmagy bilen baglanyşdyrdy...

06.02.2026 16:31
4.7k+

136 ýyl ozal heläkçilige uçran gämiň galyndylary tapyldy

ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatyndaky tebigy künjekli seýilgähiň plýažynda güýçli kenar eroziýasyndan soň, gark bolaly bäri üstünden 136 ýyl geçen «Lowrens N. Makkenzi» ýelkenli gämisi tapyldy. Bu barada Smithsonian Magazine neşirinde beýan edilýär...

06.02.2026 15:41
14k+

Indoneziýada täsin ululykda piton tapyldy: ýylanyň uzynlygy 7 metrden geçýär

Sulawesi adasynda dünýäniň rekordlar sanawyny täzelän ýylan tapyldy. Ibu Baron (Baronessa) diýlip atlandyrylan torjumak urkaçy piton Ýer ýüzünde iň uzyn ýabany ýylan diýlip resmi taýdan ykrar edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi...

05.02.2026 18:47
8.4k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...