Ýutuber köçede 38 sagat hereketsiz durup, rekord goýdy

  • şu gün 00:41
  • 1.4k+

Norme ady bilen tanalýan YouTube blogeri dünýä rekordyny goýmak üçin köçede 38 sagatlap gymyldaman durdy. Onuň bu hereketiniň ýaýlymy onlaýndan daşary hem birtopar tomaşaçyny özüne çekdi.

Ol berk düzgünlere garamazdan, synagdan geçmegi başardy. Düzgünlere görä, egilmek, oturmak ýa-da duran ýagdaýyňy üýtgetmek bolmaýar. Onuň dostlary huşuny ýitirmezligi üçin ony pizza bilen naharlady.
Tomaşaçylar Normeniň duran ýerini derrew bildiler. Onuň muşdaklary we ötegçiler bu ýagdaýa dürlüçe garady: käbirleri onuň ýüzüne surat çekdi, egin-eşigine boýag sepdi, ajyhurş dökdi, beýlekiler bolsa, tersine, oňa eşik berdi. Normen bularyň ählisine çydamagy başardy.
2024-nji ýylda Norme başga bir rekord üçin göni ýaýlymda 11 gije-gündiz ýatman, auditoriýany haýran galdyrypdy. Şonda YouTube “jemgyýetçilik düzgünlerini bozandygy” üçin bu ýaýlymy petikledi, onuň akkauntyna ýazylan ulanyjylar bolsa tiz kömek çagyrdy. Ol ukusyz 264 sagat 24 minut saklanmagy meýilleşdiripdi, ýöne Ginnesiň rekordlar kitaby şeýle üstünlikleri birwagtlar hasaba almakdan ýüz öwürdi. Ýagny, gurama 1997-nji ýylda uky ýetmezçiligi sebäpli ýüze çykyp biljek töwekgelçiliklerden howatyrlanyp, şeýle üstünlikleri yzarlamagyny bes etdi. Soňky gezek ukusyz rekord 1986-njy ýylda Robert MakDonald tarapyndan goýuldy, ol 453 sagat 40 minut ýatmady. 


09.03.2025 06:11
1.8k+

Gök-bakja orkestri 344 konsertden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Wenada döredilen gök-bakja önüm orkestri 344 konsertden soň Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Sazandalar her çykyşdan öň gök hem-de bakja önümlerinden saz gurallaryny döredip, olaryň galyndylaryndan bolsa çorba...

08.03.2025 07:11
1.1k+

YouTube iki esse arzan Premium abunalygy hödürledi

YouTube tölegi aýda 8 dollar bolan, Premium Lite atly täze abunalyk hyzmatyny ABŞ-da işe girizdi. Bu hyzmat aýdym-saz wideolaryndan galan ähli wideolarda mahabatlary aýyrýar diýip, «Reuters» habar berýär. Premium...

08.03.2025 06:59
3.8k+

108 ýaşly ýaponiýaly zenan dünýäniň iň garry dellekçisi hökmünde rekorda girdi

Ýaponiýaly 108 ýaşly Sisui Hakoisi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň garry dellekçisi diýip ykrar edildi. Ol 90 ýyl bäri saç bejerýär we bu kärini entek-entekler goýmak islemeýär diýip, The Guardian...

07.03.2025 06:43
13k+

"Sygyr eti" lakamly öküz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň boýy 1,95 metre ýetýär

Kanadaly Žasmin Ensiň öküzi dünýäde boýy iň beýik öküz diýlip yglan edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda onuň boýunyň haýran galdyryjy 1,95 metrdigi, agramynyň bolsa 1100 kilograma ýetýändigi resmi taýdan hasaba...