Telegram tölegli hatlary we täze funksiýalary işe girizdi

  • 10.03.2025 14:45
  • 1.8k+

Telegram topary messenjerde habarlaşmagyň düzgünlerini üýtgedýän täzelenmäni çykardy.

Esasy täzelik – tölegli hatlar. Indi Premium abunalygy bolan ulanyjylar nätanyş adamlardan gelýän hatlar üçin baha kesgitläp bilerler.

«Şeýlelikde, indi diňe hakykatdanam siziň wagtyňyzyň gadyryny bilýän adamlar size ýüz tutup biler» diýip, Telegram düşündirdi. Munuň üçin ulanyjylara «Ýyldyzlar» (Stars) berilýär, olar bolsa Fragment platformasy arkaly nagtlaşdyrylýar.

Mümkinçilikler giňeldildi: belli-belli adamlara mugt hat ýazmaga rugsat bermek ýa-da «Ýyldyzlary» olara yzyna gaýtarmak mümkin. Funksiýany açmak üçin «Sazlamalar» (Настройки) > «Gizlinlik» (Конфиденциальность) > «Hatlar» (Сообщения) bölümine girmeli.
Ýene bir täzelik – nätanyş adamlar bilen baglanyşykly maglumat bloklary. Eger nätanyş biri size hat ýazsa, onuň ýaşaýan ýurdunyň ady, umumy toparlary we hasaba alnan senesi çatda görkeziler. Bu kim bilen habarlaşýandygyňyza tiz akyl ýetirmäge kömek eder.
Şeýle hem «Ýyldyzlar» arkaly Premium abunaçysy bolmak mümkinçiligi girizildi – özüňiz üçin ýa-da başga birine sowgat hökmünde. Toparlar indi «Ýyldyz» balanslaryny gönüden-göni öz profillerinden dolandyryp bilerler.
Beýleki üýtgeşmeleriň arasynda – profilde 6-a çenli sowgatlary berkidip goýmak we Android programmasyndan Chromecast arkaly wideo görkezmek mümkinçiligi bar.


04.03.2026 12:15
985

GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler: Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek: Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler...

20.02.2026 11:52
743

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...