Täze Renault Symbioz 7 km öňünden sürüş strategiýasyny çaklap bilýär

  • 10.03.2025 12:16
  • 2k+

Renault R16 we Scenic modelleriniň däbini dowam etdirýän Symbioz gibrid krossowerini hödürledi. Awtoulag häzirki zaman tehnologiýalaryny Renault maşgala awtoulaglarynyň däpleri bilen sazlaşdyrýar.

Model öň tekeri hereketli gibrid ulgam bilen, ýagny 1,6 litrlik benzinli hereketlendiriji we iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Bir elektrik hereketlendirijisi (36 kWt) ýoluň sürmesi kyn böleklerinde kömek etmek bilen, içinden ýandyrylýan hereketlendirijiniň işleýşini goldaýar. Ikinjisi, ýangyç sarp edişini 4,8 l / 100 km-e çenli azaldyp, starter-generatoryň wezipesini ýerine ýetirýär.


Ulgam, topografiýany we ýol şertlerini seljermek arkaly, 7 km öňünden sürmegiň strategiýasyny çaklaýar. Bu sürüjä ýolda her ýagdaý üçin aýratynlykda iň amatly sürüş režimini saýlamaga kömek edýär. Symbioz ýolagçylar üçin rahatlygy hem hödürleýär, ýagny oturgyçlaryň yzky hataryny 16 sm süýşürip, ýükdanyň göwrümini 492-den 624 litre çenli giňeldip bolýar. Awtoulag giňişligi we rahatlygy üpjün edýän Clio CMF-B platformasynda guruldy. Ýewropada täze önümiň bahasy 30 müň ýewrodan başlaýar.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....