Adam eli bilen döredilip, kosmosda iň uzaga giden apparatlara ýene bir ýyl ömür berildi: «Woýajerlerden» bir enjam öçürildi

  • 09.03.2025 22:28
  • 3.8k+

«Woýajer-1» we «Woýajer-2» kosmos zondlarynyň işi apparatlaryň hersinden bir ylmy enjamy öçürmek arkaly ýene, takmynan, bir ýyl uzaldyldy diýip, NASA-nyň resmi web sahypasynda habar berilýär.

Bu çäre energiýany tygşytlamaga we ýyldyzlaryň arasyndaky giňişlikler hakynda gymmatly maglumatlary ýygnamaga dowam etmäge mümkinçilik berer. Häzirki wagtda «Woýajer-1» Ýerden 25 milliard km uzaklykda, «Woýajer-2» bolsa 21 milliard km uzaklykda ýerleşýär. «Woýajer-1» 2012-nji ýylda, «Woýajer-2» bolsa 2018-nji ýylda geliosferany terk etdi. Bu zondlar adam eli bilen ýasalan we Ýerden iň uzaga giden enjamlardyr. Radiotolkunlaryň zondlara baryp yzyna gaýdyp gelmegi, degişlilikde 23 we 19 sagada çekýär.
Ýupiteriň, Saturnyň, Neptunyň we Plutonyň ýanlaryndan geçensoň, «Woýajerleriň» bortundaky enjamlaryň köpüsi öz ähmiýetini ýitirdi. Şonuň üçin inženerler apparatlaryň işini dowam etdirmek üçin, o diýen möhüm bolmadyk ýa-da könelen ylmy enjamlary öçürip başladylar.
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda «Woýajer-2-de» plazma akymynyň konsentrasiýasyny we ugruny ölçemek üçin ulanylýan enjam öçürildi. Geçen hepde «Woýajer-1-de» kosmiki şöhleler barada maglumat ýygnamak üçin ulanylýan ulgam öçürildi. Şu aýyň ahyrynda bolsa «Woýajer-2-däki» pes energiýaly zarýadly bölejikleri ölçemek üçin niýetlenen enjam hem öçüriler.
Bu ulgamlaryň ikisi-de, her 192 sekuntda 15,7 Wt impuls güýji bilen işleýän ädimli hereketlendirijili aýlanýan platformanyň esasynda gurlan. Aslynda, bu hereketlendirijiler 500 müň ädim geçmek üçin niýetlenipdi – bu 1980-nji ýylda Saturnyň ýanyndan geçmek üçin ýeterlikdi. Emma «Woýajer-2-niň» öçürilen wagty, ol eýýäm 8,5 milliondan gowrak ädimi geçipdi.
Şol bir wagtda «Woýajer-1» magnitometri we plazma tolkunlaryny hasaba alýan ulgamy ulanmaga dowam eder. Pes energiýaly zarýadly bölejikleri kesgitleýji detektor 2025-nji ýylyň ahyryna çenli işlemegini dowam etdirer, şondan soň ol hem öçüriler. «Woýajer-2» magnit meýdanyny we plazma tolkunlaryny öwrenmäge dowam eder, emma onuň kosmiki şöhleleri kesgitleýän ulgamy hem 2026-njy ýylda öçüriler.
Inženerleriň hasaplamalaryna görä, energiýa tygşytlaýyş çäreleri zondlaryň azyndan 2030-njy ýyllaryň başlaryna çenli – hiç bolmanda bir enjam bilen işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Ýöne bu apparatlar eýýäm 48 ýyl bäri açyk kosmosda hereket edip gelýärler, şonuň üçin garaşylmadyk näsazlyklar bu möhleti has-da gysgaldyp biler.


şu gün 00:18
518

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......