Harley-Davidson taryhynda iň güýçli motosiklini bildiriş etdi

  • 09.03.2025 08:01
  • 5.7k+

Harley-Davidson meşhur motosikl öndürijisi brendiň 155 at güýji bolan hereketlendirijili we ýaryş tehnologiýaly iň güýçli CVO Road Glide RR ýol motosiklini bildiriş etdi.

Çäkli sanda çykan bu täze model King of Baggers ýaryş ulaglaryndan ylham aldy. Motosikl 2147 kub.sm göwrümli we 155 at güýji kuwwatly Sreamin 'Eagle V-Twin hereketlendirijisini aldy. Hereketlendiriji üýtgedildi - täze klapanlar, raspredwal, titan Akrapovic wyhlop we üýtgedilen kabul ediş-goýberiş ulgamlary eýýäm 1750 aýlawda 204 Nm torky üpjün edýär. Netijede, hereketlendiriji minutda 6500-a çenli aýlaw edip bilýär.

Öň we yzky podweskalar Ohlins komponentlerini ulanylyp täzelendi. Öň tarapynda 43 mm-lik Ohlins FGR 253 Hypersport Superbike wilkasy, arka tarapynda çykarylan rezerwuarly amortizatorlary bar. Dört porşenli supportaly Brembo tormozlary kadaly dolandyryşy üpjün edýär. Alýuminiň we kompozitleriň hasabyna motosikliň agramy 20 kg, ýer bilen aralygy 50 mm ýokarlandy.
Motosikl Rokford Fosgate-niň Harley-Davidson ses ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.

CVO Road Glide RR-den bary-ýogy 131 sanysy goýberiler we hersiniň bahasy 110 000 dollar bolar. Bu Harleys-iň bazardaky iň gymmat önümlerinden biridir.
Satuw ýörite saýlanan dilerleriň üsti bilen amala aşyrylar, ýöne motosikli satyn almak hukugy üçin lotereýa oýnalar.



22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....