Mercedes-AMG taryhyndaky iň çalt elektromobil taýýarlaýar

  • düýn 08:06
  • 2.1k+

Mercedes-AMG brendiň iň dinamik awtoulagy boljak elektrikli superkary yglan etdi. Bu täzeligiň tanyşdyrylyşy 2025-nji ýylyň ortalarynda bolar diýip, «Autocar» neşiri habar berýär.

Täze model «Vision One-Eleven» konseptinden ylham alýar. Öndüriji esasan tizlige we tizlik bilen depginli hereketlere üns berer.
Işläp düzüş prosesinde Amerikanyň Factorial kompaniýasy bilen bilelikde döredilen öňdebaryjy gaty haldaky batareýalar ulanylar. Bu batareýalar elektromotor üçin ýokary güýji we netijeliligi üpjün eder. Çaklamalara görä, bu superkar häzirki AMG lideri bolan «Project One-dan» hem üstün çykyp biler. Bu ulag 100 km/sag tizlige üç sekuntdan az wagtda ýetýär.
Dizaýn «Vision One-Eleven-iň» aýratynlyklaryny saklar, ýöne aerodinamika we öndürijilik boýunça kämilleşdiriler. Modeliň köpçülikleýin önümçilige haçan giriziljekdigi häzirlikçe belli däl, ýöne AMG GT 4-Door Coupe-yň we täze flagman ulagynyň elektrikli görnüşlerini eýýämden synagdan geçirip başlady.



04.03.2025 11:14
2.4k+

Kia miniwenler we furgonlar görnüşinde PV5 seriýaly elektrik ulaglaryny satuwa çykarýar

Kia täjirçilik elektrik ulaglarynyň PV5 hataryny bildiriş etdi. E-GMP platformasynda gurlan täze önümler 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda içerki bazarda satuwa çykarylar we 2026-njy ýylda eksport edilip başlanar...

03.03.2025 06:20
4.1k+

BMW 2026-njy ýylda Germaniýada täze nesil elektromobillerini çykarar

2026-njy ýylyň tomsunda BMW-niň Mýunhendäki zawodynda NEUE KLASSE ady bilen täze nesil elektromobilleri çykarylyp başlanar. Kompaniýa bazarda elektromobilleriň paýyny artdyrmak strategiýasynyň çäklerinde diňe elektrik...

02.03.2025 08:39
5.7k+

Mersedes-Benz C-Class ýakyn aýlarda täze V8 hereketlendirijisini alar

Mersedes-AMG "C-Class" modeliniň iň güýçli wersiýasy üçin gibrid gurluşyň ornuny tutjak täze görnüşi taýýarlaýar. Gibrid hereketlendirijili iki litrlik "dörtlügiň" ýerine 2026-njy ýylda täze V8 peýda bolar. Autocar...

02.03.2025 08:19
3.4k+

Barlag: Hyundai-yň batareýalary, Teslanyňka garanda, has haýal könelýär

Awstraliýanyň Pickles marketpleýsiniň barlagçylary ulanyşdaky 250 töweregi elektrik ulagyny synagdan geçirdiler we olaryň batareýalarynyň 120 müň km geçenden soň, energiýa kuwwatynyň ortaça 90,1 göterimini saklaýandygyny...