Maserati ulaglarynyň satuwy 2024-nji ýylda iki esse azaldy

  • 01.03.2025 17:33
  • 4.2k+

Maserati italýan awtoulag brendiniň satuwlary 2024-nji ýylda örän pese gaçdy. Stellantis-iň berýän maglumatlaryna görä, Maseratiniň geçen ýyldaky satuwlary 2023-nji ýyldakydan 57% azalyp, bary-ýogy 11 müň 300 ulag satdy. 2023-nji ýylda bu görkeziji 26 müň 600 ulaga deňdi diýip, «Motor1» neşiri habar berýär.

Deňeşdirsek, Ferrari 2024-nji ýylda 13 müň 752 awtoulag satyp, satuwyny 0,7% ýokarlandyrdy, Lamborghini bolsa 10 müň 700 ulag satypdyr, bu hem ozalky ýyl bilen deňeşdirilende 5,7% ýokarydyr.
Bilermenleriň pikirine görä, Maserati-niň satuwynyň pese gaçmagynyň esasy sebäpleriniň biri şowsuz marketing strategiýasydyr. Kompaniýanyň täze baş müdiri Santo Fiçili, Maserati-niň 2025-nji ýylda-da girdeji gazanyp bilmejekdigini, ýöne 2026-njy ýylda girdeji gazanmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.
Öň Maserati brendiniň satyljakdygy barada myş-myşlar dörän hem bolsa, Stellantis bu maglumatlary ret edipdi. Şol bir wagtyň özünde, 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda konserniň öňki ýolbaşçysy Karlos Tawares käbir brendleriň öz görkezijilerini gowulandyrmak üçin diňe birnäçe ýylynyň bardygyny belläpdi. Bu ýagdaý Maserati brendine hem degişli bolup biler.
2025-nji ýylda Stellantis özüne täze baş müdir gözlemek işlerini dowam etdirýär we Maserati-niň geljegi entek anyk däl. Bilermenler brendiň ykbalynyň täze ýolbaşçylaryň kabul etjek kararlaryna bagly boljakdygyny çaklaýarlar.

22.06.2026 14:34
2.6k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 16:05
3.8k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

21.06.2026 09:56
6.3k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....