Huawei Pocket 3 smartfony 21:9 ekrana derek 3:2 formatdaky täze içerki ekran bilen üpjün ediler

  • 28.02.2025 07:36
  • 3.1k+

Huawei kompaniýasynyň «Verde» kod belgili täze eplenýän smartfony Pocket 3 adaty «gapjyk görnüşli» smartfonlardan tapawutly bolar. Täze modelde ekran adaty 21:9 ölçeginde däl-de, 3:2 gatnaşygyndaky aýratyn formatda bolar. Bu barada Digital Chat Station çeşmesine salgylanyp, «Gizmochina» neşiri habar berýär.

Täze enjamda içerki ekran 6,3 dýuým ölçegde bolar. Öndürijileriň pikirine görä, bu aýratynlyk interfeýsi has elýeterli etmek bilen birlikde, wideo görmek tejribesini hem gowulandyrar. Daşarky ekranyň ölçegi bolsa 3,5 dýuým bolar.
Onuň dizaýny 3:2 in-boý gatnaşygyny ulanýan iPad Mini modelini ýada salýar. Bu ykjamlygy we amatly ulanylşy ileri tutýan ulanyjylary özüne çekip biler.
Huawei kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Riçard Ýu täze enjamy rewolýusion diýip häsiýetlendirdi. Onuň aýtmagyna görä, smartfon HarmonyOS operasion ulgamynda işlär. Şeýle-de Tencent, ByteDance, Alibaba we Meituan ýaly iri hytaý kompaniýalary öz programmalaryny täzelenen operasion ulgama laýyklykda uýgunlaşdyrarlar. Bu bolsa ulanyjylaryň tejribesini ep-esli gowulandyrar.
Huawei Pocket 3-üň programmalaýyn we enjamlaýyn üpjünçilikde ep-esli täzelenmeler almagyna hem-de eplenýän smartfon bazarynda uly bäsdeş bolmagyna garaşylýar.
Çeşmelere görä, Huawei Pocket 3-üň mart aýynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...