Mayon wulkany, ýaryş sürüjisi Barnato...: Bentley täze ulagy üçin atlary patentledi

  • 27.02.2025 18:03
  • 3.9k+

Bentley täze elektrikli krossowerini işläp düzýär. Kompaniýa täze model üçin Mayon we Barnato atlaryny bellige almak boýunça ýüz tutdy diýip, Ýewropanyň patent edarasyna salgylanyp, «CarMoses» habar berýär.

Mayon ady Filippinlerdäki işjeň wulkan bilen baglanyşykly. Bentley meňzeş usuly ozal hem ulanypdy, mysal üçin, kompaniýa Bentayga adyny Kanar adalaryndaky meşhur gaýalardan alyp goýupdy.

Barnato bolsa 1920-nji ýyllaryň meşhur Bentley Boys toparynyň agzasy bolan iňlis ýaryş sürüjisi Wulf Barnatonyň familiýasydyr. Ol «Le-Man» ýaryşynda üç gezek ýeňiji bolup, Bentley brendiniň taryhynda uly yz galdyrdy

Täze model Bentayga garanyňda has ykjam we ýeňil bolar diýlip garaşylýar. Elektrikli hereketlendiriji bilen üpjün edilendigi sebäpli, ol has çeýe bolar we tiz hereket eder.

Täze elektrikli ulag synaglardan geçirilýär. Bentley ony 2025-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdirýär.

şu gün 08:11
1.3k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

düýn 18:36
3.7k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
2.7k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
4.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......