Toyota güýzde Land Cruiser FJ modelini çykarar

  • 27.02.2025 15:59
  • 6k+

Toyota 2025-nji ýylyň güýzünde ýolsuz ýerler üçin niýetlenen täze ykjam awtoulagyny (wnedorožnigini) tanyşdyrar. Täze ulagyň adynyň FJ bolmagy ähtimal. Ol üç dürli hereketlendiriji ulgam bilen hödürlenip biler diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär.

Esasy hereketlendiriji hökmünde «Land Cruiser Prado» modelindäkä meňzeş, dört silindrli we ähli tigirlerden hereketlendirilýän ulgama eýe 2,7 litrlik benzinli hereketlendiriji ulanylar.

Mundan başga 2,5 litrlik hereketlendirijisi bolan gibrid görnüşiniň çykarylmagy hem göz öňünde tutulýar. Bu hereketlendiriji «RAV4 Hybrid» modelinde hem ulanylýar. Emma «Toyota Tacoma» pikabynda ulanylýan 2,4 litrlik turbo hereketlendirijili görnüşiniň çykarylmagy hem mümkin.

Şeýle hem Toyota dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän modeli hem hödürläp biler. Hödürlenmegi mümkin model Compact Cruiser konseptinden ugur alar. Ol ekologiýa taýdan arassa ulaglara bolan islegiň artmagyna jogap hökmünde dörediler.

Täze ulag hakykatdanam ykjam bolar. Onuň ululygy «Toyota Corolla Cross-yňka» barabar bolar. Şol sebäpden ol «Subaru Crosstrek» modeline-de bäsdeş bolup biler.

Birnäçe ykjam awtoulaglardan tapawutlylykda, FJ rama esasly şassä eýe bolar. Onuň peseltme dişli ähli tigitlerden hereketlendirilýän ulgamy ulagyň ýoldan çykmagyna we kyn şertler hem bolsa geçiş mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer.


16.06.2026 09:57
5.3k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.6k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 09:36
3.4k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

12.06.2026 01:38
7.3k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......