28-nji fewralda planetalaryň ýörişi bolar: teleskopsyz nämäni görüp bolar?

  • 26.02.2025 13:39
  • 7.1k+

28-nji fewralda agşam, Gün ýaşandan soň, “planetalaryň ýörişi” diýlip atlandyrylýan hadysa bolup geçer: Saturn, Merkuriý, Neptun, Wenera, Uran, Ýupiter we Mars asmanda bir hatara düzüler. Täze dogan Aý Aýdan serpigýän ýagtylygyň bolmazlygyna getirer, bu hem syn etmek üçin gowy şert döreder. Bu barada Perm milli gözleg politehniki uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Ýedi planetanyň üçüsini ýörite gurallar bolmazdan görüp bolar.

“Bu gezek käbir planetalary [dury howada] ýörite optika bolmazdan görmek bolar: Wenera, Ýupiter we Merkuriý günbatar asmanda görner, gyzyl planeta Mars bolsa gündogarda ýerleşer. Uran, Saturn we Neptun planetalaryny dürbüsiz ýa-da teleskopsyz görüp bolmaz” – diýip, uniwersitetiň astronomiýa mugallymy Ýewgeniý Burmistrow düşündirýär.

Wenera Hut ýyldyzlar toplumynda günbatar gözýetime golaý ýerleşer. Ýupiter Sowur ýyldyzlar toplumynda, Merkuriý günbatar gözýetime golaý ýerleşer. Mars Jöwza ýyldyzlar toplumynda günorta gözýetimden belentde, Uran bolsa Hamal ýyldyzlar toplumynda, Sowur bilen serhetden uzak bolmadyk ýerde ýerleşer. Neptuny hem Hut ýyldyzlar toplumynda tapmak bolýar, Saturn hem Merkuriý ýaly gözýetime golaý ýerleşer.
Birnäçe planeta, köplenç, Günden bir tarapda ýerleşýän bolsa-da, olaryň köpüsiniň deňleşmegi örän seýrek hadysadyr.

“Ylmy nukdaýnazardan bu hadysanyň Ýere ýa-da adama düýpli fiziki täsiriniň ýokdugyny ýatdan çykarmaly däl. Planetalaryň Ýere grawitasiýa täsiri örän pes bolup, haýsydyr bir düýpli üýtgeşmeleri ýa-da kataklizmleri döretmäge ukyply däl” – diýip, uniwersitet belleýär. 


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...