Mercedes-Benz täze «eArocs 400» ýük ulagyny tanyşdyrar

  • 24.02.2025 13:01
  • 9k+

Mercedes-Benz Trucks kompaniýasy ýakyn wagtda «eArocs 400» atly täze elektrikli ýük ulagyny tanyşdyrar. Bu model 2025-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek halkara Bauma sergisinde görkeziler. «eArocs 400» şähergurluşyk pudagynda ulanmak üçin niýetlenen ilkinji elektrikli ýük ulagy bolar.

Täze «eArocs 400» ýük ulagy adaty dizel ýangyçly «Arocs» modellerine garşy ekologiýa taýdan arassa alternatiwa hökmünde hödürlener. Belläp geçsek, gurluşyk işleri üçin niýetlenýän «Arocs» kysymly ýük ulaglary 2013-nji ýyldan bäri öndürilýär.
Elektrik energiýasy bilen işleýän täze ýük ulagy, takmynan, 400 kWt-sagat sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyrylar. Bu akkumulýator onuň şähergurluşyk meýdançalarynda netijeli we durnukly işlemegine mümkinçilik berer. Onuň ähli tehniki aýratynlyklary, şol sanda bir gezeklik zarýad bilen geçip biljek ýoly we zarýad alyş tizligi barada resmi taýdan Bauma sergisinde mälim ediler.
Mercedes-Benz Trucks täze modeli bilen gurluşyk pudagynda elektrikli ýük ulaglaryň ulanylmagy bilen bagly möhüm ädim ädýändigine ynanýar. Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Ýewropada satylýan ähli ýük ulaglarynyň takmynan, 20%-i gurluşyk pudagy üçin niýetlenendir. Şol sebäpden «eArocs 400» Mercedes-Benz kompaniýasynyň elektrikli ýük ulaglary bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda we giňeltmekde strategiki taýdan möhüm model bolar.
«eArocs 400» bilen bilelikde kompaniýa ulaglaryň howpsuzlyk ulgamyny we birikdirme tehnologiýalaryny hem kämilleşdirer. Şeýle-de Mercedes-Benz Trucks bu sergide elektrikli ýük ulaglary üçin ýörite işlenip taýýarlanan «TruckCharge» atly zarýad beriş infrastrukturasyna degişli ulgamyny hem hödürlär.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......