Boeing kompaniýasynyň iň uly ýolagçy uçary bolan 777X tropiki klimatly sebitlerde synagdan geçirilmek üçin Karib adalaryna eltildi. WH002 belgili synag uçary 2025-nji ýylyň 11-nji fewralynda Sietl şäheriniň golaýyndaky Boeing Field zawodyndan 7 sagat 25 minutlyk uçuşdan soň Kýurasao adasyna gondy diýip, «Aerospace Testing International» neşiri ýazýar.
Boeing kompaniýasynyň inženerleri synag geçirmek üçin Kýurasao adasyny saýlap aldylar, sebäbi bu ýerde howa yssy we çygly. Adanyň ortaça temperaturasy 30°C töweregi, çyglylyk derejesi bolsa 76,7%. Bu şertler uçaryň ýokary temperaturada we çyglylykda nähili işleýändigini barlamak üçin amatlydyr.
Täze uçaryň sertifikasiýa maksatnamasynda tropiki synaglar möhüm orun eýeleýär. Boeing 777X diňe bir Kariblerde däl, eýsem dünýäniň dürli ýerlerinde-de uçuş synaglaryndan geçirilýär. Bu uçaryň dürli howa şertlerinde ygtybarly we öndürijilikli işleýändigini subut etmek üçin zerurdyr.
Boeing 777X — Amerikanyň awiasiýa ägirdi Boeing kompaniýasynyň iň täze ýolagçy uçarydyr. Bu taslamanyň üstünde 2011-nji ýyldan bäri işlenip gelinýär. Modeliň iň uly görnüşi bolan 777-9 uçary 400-den gowrak ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Bu uçaryň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem ganat uçlarynyň eplener ýaly edilmegidir. Şeýle hem ol iň soňky GE9X hereketlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan.
Boeing kompaniýasy 777X uçaryny ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasynyň (FAA) kadalaryna laýyklykda sertifikasiýadan geçirmegi we ilkinji müşderä gowşurmagy indiki ýylda meýilleşdirýär. Uçaryň tropiki şertlerde synagdan üstünlikli geçmegi bu maksada ýetmek üçin möhüm ädim bolar.
Täze giň göwreli uçaryň ulanyşa girizilmegi Boeing kompaniýasynyň uly göwrümli, uzak aralyga uçýan uçarlaryň bazaryndaky ornuny has-da berkitmegine kömek eder. 777X uçary gatnawlara başlasa, 16 müň kilometrden gowrak aralyga üznüksiz uçmaga mümkinçilik döreder.