10 kategoriýa boýunça “Oskar” baýragyna dalaşgär görkezilen “Brutalist” dramasynyň režissýory Bredi Korbet filmdäki işleri üçin hak almandygyny boýun aldy diýip, The Hollywood Reporter ýazýar.
Edrian Broudiniň baş keşbi janlandyran bu filminde Holokostdan aman galan wenger arhitektory Laslo Tote hakda gürrüň berilýär. Film 10 “Oskara” dalaşgär görkezildi we eýýäm “Altyn globus” we BAFTA ýaly birnäçe baýraklara mynasyp boldy.
Şeýle üstünlige garamazdan, Bredi Korbet soňky wagtlarda üç ýyl ozal alan esasy aýlygynyň hasabyna ýaşaýandygyny aýtdy. Film çykandan soň režissýor A24 studiýasyndan hiç hili pul baýragyny ýa-da goşmaça töleg almandyr.
“Soňky iki filmden ýekeje dollar hem gazanyp bilmedik. Nol dollar, hawa. Üç ýyl ozal alan aýlygymyz bilen günümizi görmeli bolduk” - diýip, direktor arzyny aýtdy.
Korbet režissýorlaryň filmleri mahabatlandyranlary üçin hak almaýandyklaryny, metbugat turlary wagtynda çykdajylaryny öz jübülerinden töleýändigini aýtdy. Mundan başga-da, ýygy-ýygydan sapara gitmeli bolýandyklary sebäpli, beýleki işlerinden ýüz öwürmeli bolýarlar, bu hem maliýe kynçylyklaryny hasam ýitileşdirýär.
Korbet ýaňy-ýakynda Portugaliýada birnäçe reklamany surata düşürdi, bu bolsa onuň uzak wagtyň dowamyndaky ilkinji girdejisi boldy.
Korbet 2025-nji ýylda “Oskara” dalaşgär görkezilen kärdeşleriniň hem köpüsiniň şeýle mesele bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy. Režissýorlaryň köpüsiniň, hatda iň zerur zatlary almaga-da pullary ýok.
Bredi: "Men şu ýyl filmleri baýraga hödürlenen köp režissýorlar bilen gepleşdim, olar hatda kärendesine oturan jaýlarynyň tölegini hem töläp bilmeýärler" – diýip habar berdi.